arhiwi (2021-1-1)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze – 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2021-nji ýyl – Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym – janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli...

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan...
2014