Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi. Şol gün irden Köpetdagyň eteginde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de...