9-njy maýda hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe edermen ogullary doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bardygyny, onuň durmuş ýolunyň täze taryhy eýýamda ösüp barýan ýaş nesiller...