7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan eden Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady hem-de hormatly...