GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň sebitde hem dünýäde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman milli Liderimize GDA-nyň giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berilýän goldaw üçin...