Hormatly Prezidentimiz 14-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, gyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça...