Taryha şan berýän beýik wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgylaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Bilşimiz ýaly, 11-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Aşgabat Jarnamasy GDA-nyň taryhynyň täze sahypasy bolup möhüm orny eýeledi. Şoňa laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de kabul edilen resminamalary durmuşa...