Günüň dogýan ýurdy Ýaponiýa hormatly Prezidentimiziň 21 —23-nji oktýabrda bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň şu gezekki saparyna gabatlanyp geçirilen bilelikdäki işewürler maslahaty hem-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň...