20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler...