24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministriniň hemde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda, ilki bilen, energetika ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça hormatly...