Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sent­ýab­ra aý­ra­tyn sar­pa go­ýup, «Türk­me­nis­tan — rowaç­ly­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da hem Garaş­syz­lyk gü­nü­ni Bi­ta­rap...