14-nji oktýabrda milli Liderimiz Fransiýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk ýörelgelerini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge berilýän uly ähmiýetini nygtaýan mähirli sözlerini beýan etdi. Ilçini...