Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna 25 million düýp nahal ekilýär. 7-nji noýabrda Türkmenistanda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasy geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir. Irden, asylly işe başlamagyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Hanbeg diýen...