21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal...