Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem...