Habarlar

DÖW­LET DUR­MU­ŞY­NYŇ MÖHÜM ÖZGERTMELERI

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň gün tertibine geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeri çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň senagat pudagyny...

TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: HYZ­MAT­DAŞ­LY­GYŇ TÄ­ZE TAP­GY­RY

11-nji martda ir bilen hormatly Prezidentimiz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Azerbaýjan bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine ähmiýet berýär. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba»...

ÖSÜŞ­LE­RIŇ AK ÝO­LUN­DA

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň...

DUR­NUK­LY ÖSÜ­ŞIŇ TÄ­ZE BE­LENT­LIK­LE­RI

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi. Ilki bilen, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer göni sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada...

ÖSÜŞ­LE­RE KUW­WAT­LY BA­DAL­GA

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň we Merkezi bankyň başlygynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda serediljek meseleler barada aýdyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýet we maliýe...

ÝAŞ­LAR — WA­TA­NY­MY­ZYŇ GEL­JE­GI

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi. Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda...

SAG­LYK — ÝA­ŞAÝ­ŞYŇ ÝOKARY HIL DEREJESI

Raýatlaryň saglygyny döwletimiziň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz 25-nji fewralda wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygynyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýanyň döremek — täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde ýaýramak howpunyň çaklanylýandygy bilen baglylykda, ozal...

MIL­LI BI­NA­GÄR­LI­GIŇ TÄ­ZE RU­HY OJA­GY

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy. Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary bilen söhbetdeş bolup, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň...

BE­LENT MAK­SAT­LA­RYŇ ÇEL­GI­SI

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimize, ilki bilen, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlete dahylsyz ulgamy goldamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, bu ugurda görülýän çäreler barada...

YKDYSADY KUWWATYMYZ PUGTALANÝAR

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň bir­nä­çe orun­ba­sar­la­rynyň we kä­bir pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň ýol­baş­çyla­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da ýur­du­my­zy 2020 — 2025-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysady taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara...
2014