Habarlar

Türkmenistan — sport ýurdy

 Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara sport kongresine, döwrebap sport toplumynyň açylyş dabarasyna, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hazaryň kenarynda guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy.  Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde geçirilen dabaralar giň gerime we şanly wakalara baý boldy. Şol gün Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan iri sport toplumynyň açylyş...

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda...

Abadançylyk we rowaçlyk

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijelerine bagyşlandy.  Hormatly Prezidentimiz 3-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň işleriň ýagdaýy hem-de ozal...

TÜRKMEN — BELARUS GATNAŞYKLARYNDA TÄZE SAHYPA

Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçirildi. Bu resmi saparyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Belarusuň Ilçihanasynyň döwrebap binalar toplumynyň, Lebap welaýatynda Garlyk  kaliý dag-magdan toplumynyň açylmagy netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.  Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär we...

Döwletara gatnaşyklarda hoşniýetli ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Sloweniýanyň daşary işler ministrini, şeýle hem Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi.  27-nji martda hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Karl Erýawesi kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin...

Aşgabat halkara sport baýramçylygyna taýýarlyk görýär

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar tarapyndan garalypgeçilen esasy mesele Aziada — 2017-niň nyşanlary, oýunlaryň şekili Wepaly atly alabaý boldy.  Aziada — 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 26-njy martda geçirilen mejlisiniň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak...

Üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.  23-nji martda hormatly Prezidentimiz Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannamy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.  Diplomat milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň mähirli salamyny...

Türkmenistanyň nurana ýollary dünýä uzaýar

Berkarar döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bitaraplyk ýörelgeleri diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem dünýäde syýasy durnuklylygy goldamaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem ýardam edýär.  Arkadag Prezidentimiziň bimöçber tagallasy netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap demir we awtomobil...
2014