Habarlar

MIL­LI YK­DY­SA­DY­ÝE­TI­MI­ZIŇ BATLY DEPGINLERI

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada...

KONS­TI­TU­SION ÖZ­GERT­ME­LE­RIŇ TÄZE TAPGYRY

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak, umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň yglan edilendigini, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny...

Maksatlar aýdyň, wezipeler anyk

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi mundan beýläk-de öwrenmek, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek wezipeleriniň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň...

ÖSÜ­ŞIŇ AK ÝO­LY BI­LEN

24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň...

ÝURT PARAHAT — IL ABADAN

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň...

DO­GAN­LYK GAT­NA­ŞYK­LAR BER­KE­ÝÄR

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oraly kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat resmi taýdan kabul etmäge wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Türkiýäniň Baştutany doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk we...

BE­LENT MAK­SAT­LA­RYŇ AK ÝOLUNDA

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi...

ŞAN­LY WA­KA­LA­RYŇ BUŞ­LUK­ÇY­SY

Türkmenistanyň Bitaraplygy — dünýä metbugatynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylymyzyň turuwbaşdan şanly wakalara beslenendigini bellemelidiris. Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi üstümizdäki ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasy derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ HALKARA MASLAHATDA EDEN TARYHY ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden ÇYKYŞY (Aşgabat, 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwary) Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, sizi Täze ýyl bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlamaga, size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat ediň! Şu ýyl ýurdumyz dünýä...

DÖWLET ÄHMIÝETLI MÖHÜM ÇÖZGÜTLER

10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynyň işlerini döwrüň talabyna...
2014