14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyga,...
Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.
Bilşimiz ýaly, güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekar dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhuny göterýär. Ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen «Ýanardag» binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda döwlet Baştutanymyz bu binanyň aýratynlygyny, şeýle-de dag eteginiň özboluşly...
Hormatly Prezidentimiz TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
9-njy sentýabrda ir bilen milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Dabara gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň öňünde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz bu şanly waka bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, zawodlar...
Hormatly Prezidentimiz täze oba hojalyk tehnikalaryny synlady we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde, netijeli...
Munuň şeýledigini 4-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisi ýene-de bir gezek subut edýär.
Bilşimiz ýaly, islendik ösen döwletiň ykdysadyýetiniň esasy maksady halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün...
2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi.
Göçme mejlisde, ilki bilen, goranmak ministri çykyş edip, Milli goşunyň harby...
28-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary söhbetdeşligiň barşynda özara ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň berk binýadynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.
Milli Liderimiz soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemişe üns...
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy
Bilşimiz ýaly, Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş oňaýly şertleriň döredilmegi, şol sanda şäheriň abadanlaşdyrylmagy, amatly ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine...
21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli...