Habarlar

SAZ­LA­ŞYK­LY ÖSÜŞ — AÝ­DYŇ GEL­JEK

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministriniň hemde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda, ilki bilen, energetika ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça hormatly...

DÖWLET ÄHMIÝETLI ŞAN­LY WA­KA­LAR

20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ TMÝG-NIŇ VI GURULTAÝYNDA SÖZLÄN SÖZI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda SÖZLÄN SÖZI (Aşgabat, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry) Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary! Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly professor-mugallymlar! Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar! Ilki bilen, sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, ýaňy...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ TMÝG-NIŇ GURULTAÝYNDA EDEN TARYHY ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary! Sizi öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary...

TMÝG-NIŇ VI GURULTAÝYNA GATNAŞYJYLARYŇ ÝÜZLENMESI

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Biz — bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Siziň döwlet aladalaryňyzyň köpdügine garamazdan, gymmatly wagtyňyzy sarp edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň işine gatnaşmagyňyz we taryhy söz sözlemegiňiz, şeýle hem bu gurultaýyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatynda döreden...

TÜRKMENISTAN — BEÝIK BAŞ­LAN­GYÇ­LA­RYŇ ÝUR­DY

Şan-şöhratly eziz Watanymyzyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky at-abraýy barha ýokarlanýar. 6-njy sentýabrda geçirilen döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garalan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi ony dolulygyna tassyklaýar. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz...

WA­TAN SER­HET­DEN BAŞ­LAN­ÝAR

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw-türgenleşigine...

IL BÄHBITLI IŞLER ILERLEÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri barha rowaçlanýar. Biz ony yzygiderli geçirilýän iş maslahatlarynyň mysalynda hem anyk bilýäris. Hepdäniň duşenbe hem-de sişenbe günleri bolup geçen iş maslahatlary hem öz gözbaşyny hut şeýle oňyn başlangyçlardan alyp gaýtdy. Milli Liderimiziň 2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatyna Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň...

MAKSATLAR AÝDYŇ, IŞLER ILERI

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi Ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň meseleleri elmydama ileri tutulýar. Oňa 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi aýdyň şaýatlyk edýär. Mejlisiň başynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça...

NEBITGAZ ULGAMY — YK­DY­SA­DY­ÝE­TIŇ GIR­DE­JI­LI PU­DA­GY

Nebitgaz pudagy ýurdumyzyň halk hojalygynyň iň düşewüntli ulgamy hasaplanýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, milli Liderimiz nebitgaz ulgamyna aýratyn üns berýär. 29-njy awgustda döwlet Baştutanymyzyň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew dagy bilen geçiren duşuşygy hem oňa aýdyň mysal bolup biler. Baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýän...
2014