NESIL TERBIÝESINDE NAKYLLARYŇ ORNY

https://chagalar-kitaphana.gov.tm/

Berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Olaryň ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin, ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär.

Döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidigini, munuň merdana ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, beden we ruhy tämizlige, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ajaýyp mysal bolup durýandygyny döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda belläp geçýär.

Ata-babalarymyz nesillerimize asylly däpleri, halallyk ýollaryny, edep-terbiýäni miras galdyrypdyrlar. Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler bilen ýaşlary terbiýelemek, ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilen işler nesil terbiýesinde möhüm orun tutýar.

Çaga ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Çaganyň edep-terbiýesiniň düýp binýady terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan maşgaladan gözbaş alýar. Ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Şol häsiýetler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da dowam edip gelýär. Edep-terbiýe adamkärçiligiň gözbaşy hasaplanýar. «Edebiň ýagşysy ulyny syla» diýen nakylyň üsti bilen danalarymyz ilki bilen ynsanyň edepli bolmagyny nygtapdyrlar. Edeplilik, adamkärçilik, medeniýetlilik ilki bilen salamdan başlanýar.

Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar. Bu nakyllar köpugurly bolup, geljek nesilleri terbiýelemekde mukaddes ýörelge bolupdyr. Şeýle bolansoň nakyllar, pähimler, atalar sözleri halkymyzyň diliniň senasyna öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda türkmen nakyllarynyň dürdänesi ýerleşdirilipdir. Örän ussatlyk bilen aýdylan bu nakyllarda dil baýlygynam, terbiýeçilik ähmiýetli dana sözlerem görmek bolýar. Nakyllaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdanymyzda, uly bir many-mazmun hakynda bellemek bolar. Çünki terbiýe meselesine örän paýhaslylyk bilen çemeleşmek türkmen halkyna mahsus bolupdyr. Şonuň üçinem çagalary söz bilen terbiýelemek, görüm-görelde bilen mekdep bolmak ýaşuly nesliň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Ýaşlary söz bilen terbiýelemekde nakyllaryň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Çuňňur many-mazmuna eýlenen sözler çaganyň terbiýesine örän oňat täsir edipdir. Çaga hem bu pähimleri daşa ýazylan ýaly ýadynda saklapdyr. Munuň özi nakyllaryň ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly baýlykdygyndan habar berýär. Çaganyň ýatkeşligi örän berk bolup, ol islendik zady ýadynda saklamaga ukyply bolýar.

«Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen, Watany söýer», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» ýaly nakyllarda Watana, ilgüne bolan hormat, söýgi ündelýär. Ine, şeýle nakyllaryň üsti bilen ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek mümkin.

Türkmen nakyllarynda ylymly-bilimli bolmak, dil öwrenmek bilen bagly pähimleri hem görmek bolýar. «Akyl — yl­myň hy­ry­da­ry», «Akyl ýaşda däl, başda», «Bilim bilen hik­met — al­tyn­dan gymmat», «Bir — oka­na, bir — dokana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil görki — söz, ýüz gör­ki — göz».

Şeýle nakyllary okanyňda ylymly-bilimli bolmagyň, dil öwrenmegiň ähmiýetine çuňňur düşünýärsiň. Ýaşlykdan ylym-bilim almak, dil öwrenmek iň uly baýlyk. Şonuň üçinem pederlerimiziň döreden şeýle pähimli nakyllarynyň belli bahasy ýokdur. Ýaş nesillere nakyllary yzygider aýdyp bermek, onuň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini düşündirmek ylym-bilim edaralarynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Perzent adamzadyň geljegidir. Nesil dowamatydyr. Terbiýe barada gürrüň edenimizde çagalaryňam ata-enäniň öňündäki borçlary barada aýtmak ýerlikli bolar. Döwletmämmet Azady özüniň «Wagzy-Azat» eserinde perzendiň ata-enesiniň öňündäki kyrk borjy hakda ýatlaýar. Bu borçlaryň doly we göwnejaý ýerine ýetirilmegi çagalaryň mynasyp şahsyýetler bolup kemala gelmegini, ata-ene, il-gün bilen mähirli gatnaşykda bolmagyny, jemgyýetde şahsyýetiň oňyn tarapdan tanalmagyny üpjün edýär. Çaga terbiýesi halkyň ruhy-ahlak kadalaryny özünde jemleýän halk döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Ata Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň okamagy, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly türkmen halkyna mahsus durmuş ýörelgesine öwrülen döwrebap kadalar orun tutýar. Her bir amal edilýän il-ýurt ähmiýetli işleriň Berkarar Diýarymyzyň belent ösüşleriniň üpjün edilmeginden, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyndan, eşretli ýaşaýşyndan gözbaş alýandygy hemmämize mälimdir.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

21.05.2019ý.

 

 

 

Meňzeş makalalar
2014