ADY ARŞDA ARKADAGLY ÝAŞLARYŇ

Halk arasynda «Şu günüň düýnküden tapawutly ýaşalmagyny gazanmakda ösüş bardyr» diýen parasatly jümle bar. Çuňňur manyny özünde jemleýän bu sözler şu günki gün hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar günleriniň hatyrasyna bitirýän beýik işleriniň netijesinde hakykat ýüzünde bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Şu günümiz düýnküden tapawutly ösüş-özgerişleri bilen geljekki nesillere şan-şöhratymyzy buşlamak üçin taryhyň sahypalaryndan öz mynasyp ornuny tapýar. Bu gülläp ösüşler bolsa ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürmäge aýdyň ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň giňden belleniljek «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň möhüm wakasy, paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň — bütin durky bilen eziz Watanymyzyň mukaddesliklerine uýýan bu günki jemgyýetimizi demokratiýa ýoly bilen sazlaşykly ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitirilen netijeli işlere mynasyp baha bermek, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine ýaş nesilleriň ýagty geljegine gönükdirilen anyk işler geçirilen gurultaýyň esasy özenini düzdi.

Bilşimiz ýaly, häzirki zamanda dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşinde ýaşlara aýratyn orun degişlidir, şol sebäpli hem ýaşlaryň hukuk derejesini kesgitlemek ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Ýaşlar düýpli durmuş-jemgyýetçilik görkezijisi hökmünde çykyş etmek bilen, jemgyýetiň we döwletiň geljekki oňyn hem-de innowasion ösüşini kesgitleýärler. Ýaşlar syýasaty halkara derejede hem işjeň ösdürilýär. 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi, öň halkara syýasatynda göz öňünde tutulmadyk bu jemgyýetçilik-syýasy güýjüň syýasy mümkinçilikleriniň milli derejedäki üstünlikli tejribesiniň ähmiýetli hasaplanylýandygy, esasan hem, netijeli syýasy gural bolup durýandygy bilen düşündirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlary we ýaş ýetginjekleri täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak, sungata we döredijilik kämilligine höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň», «Gulbaba» adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary, şeýle hem «Talyp joşguny», «Gerçek ýigitler», «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi», «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli», «Berkarar döwletiň ylham joşguny», «Ýylyň parlak ýyldyzy», Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilýän ylmy işler boýunça guralýan bäsleşikler döwrebaplaşdyrylyp, yzygiderli, guramaçylykly geçirilýär. Şeýle hem ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagy we iş orunlarynyň artmagy bilen bagly döwlet syýasatynyň netijeli dowam etdirilmegi guwanç bilen bellärliklidir. Ýaşlaryň bilimliligini, hünär sowatlylygyny hem-de olaryň mynasyp iş orunlarynda zähmet çekmegini gazanmak türkmen jemgyýetiniň geljekde has uly ösüşlere ýetmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» we Meýilnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler hem ýurdumyzda ýaşlaryň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşlar beýik döredijilik işlerini, taryhy açyşlary üstünlikli dowam etdirýärler. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerine çekmekde, milli Liderimiziň çuňňur watançylyk eserlerini we ylmy-lukmançylyk işlerini wagyz-nesihat etmekde, atalyk sargytlaryny ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň Ýaşlar guramasy ägirt uly güýç hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan ruhlanyp, Ýaşlar guramasynyň hataryna girýänleriň sany barha artýar. Guramanyň işi gün-günden kämilleşýär. Ýaşlar bilen geçirilýän medeni-köpçülik, wagyz-nesihat çäreleri bolsa oňat netijeleri berýär. Ýaşlar, esasan hem, oba ýaşlary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, ýeriň, suwuň netijeli peýdalanylmagyna, ýerlerden bol hasyl öndürilmegine ähli gujur-gaýraty bilen goşant goşýarlar. Her bir ýerli Ýaşlar guramasy ýaşlaryň güýjüni döwlet ähmiýetli möhüm işlere gönükdirip, ýaş kärendeçileriň we hususy eýeçilikde işleýän ýaşlaryň zähmetine uly goldaw berýär. Olar bilen möwsümleýin zähmet bäsleşiklerini yzygiderli guraýar. Ýaşlaryň önümçilik üstünliklerini höweslendirýär hem-de wagyz edýär. Biziň ýerlerdäki wekillerimiz, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň Ýaşlar guramalarynyň işgärleri hemişe ýaşlaryň arasynda bolýarlar. Şunuň özi-de, ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerine, agzalaryna we ähli türkmenistanly ýaşlara, berkarar Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmäge hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga çäksiz guwanç hemde buýsanç duýgularyny döredýän atalyk sargytlary, öwüt-nesihatlary, beýik geljegimiziň hatyrasyna netijeli işlemäge döreden giň mümkinçilikleri, howandarlyk hemaýatlary we goldawlary dillerimize sena edinmäge mynasypdyr.

Ýaşlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, ýaş raýatlaryň güýç-kuwwatyny artdyrmak we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna olaryň doly düşünmegini gazanmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň ajaýyp döwrümiziň giň gerimli ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna, uly syýasy-jemgyýetçilik güýjüne öwrülmeklerine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşyny mazmun taýdan düýpli özgertmegi, her bir işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtamak bilen, ýaş nesli watançylyk ruhunda döwrebap terbiýelemek boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy iş usullaryny düýpli özgerdip guraýar hem-de döwrebaplaşdyrýar. Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, welaýat, etrap, şäher guramalary ýaşlar bilen alyp barýan işlerini yzygiderli kämilleşdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny, ägirt uly taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýärler. Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemek, jemgyýete, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda bolmaklary üçin Ýaşlar guramasy ähli zerur çäreleri görýär. Döwletimiziň ýokary nyşanlaryna çuňňur hormat goýýan, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlaýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hakyky watançy raýatlaryny ýetişdirmek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Abadan, ýokary derejede ösen ýurdy gurýan, berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek ugrunda maksatnamalaýyn beýik işleri amala aşyrýan, ykdysadyýetiň ösüşini bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleri esasynda berkitmek bilen, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitlän milli Liderimiziň ähli başlangyçlary bagtyýar ýaşlaryň kalbynda çuňňur buýsanç duýgularyny döredýär.

Berkarar döwletimize aýdym bolup gelýän arzyly günlerimiziň gujagynda ýaşamak, işlemek, döretmek we gurmak uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa şeýle taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Ak geljegiň umyt güllerine deňelýän bagtyýar ýaşlarymyz özleri barada edilýän aladany, döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlary duýup ýaşaýarlar we Gahryman Arkadagymyza buýsançly alkyşlaryny beýan edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň Watan, döwlet, adam hakdaky beýik taglymlaryna, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk hakdaky ýörelgelerine, ynsana ýaraşyk berýän watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, gaýduwsyzlyk, halallyk, paýhaslylyk, zähmetsöýerlik hakyndaky öwüt-nesihatlaryna eýermek ýaşlaryň mukaddes borjudyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz hem-de bagtyýar ýaşlar uly bagta eýe bolýar. Ol bagt — eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp, söýüp ýaşamakdyr. Bu bagt ýaşlar üçin dünýäde iň uly baýlykdyr, mukaddes ýörelgedir.

TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASY:

SANLAR WE MAGLUMATLAR

— 2016 — 2018-nji, şeý­le-de 2019-njy ýy­lyň 8 aýy­nyň do­wa­mynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň üstüne ýüklenen wezipeler üstünlikli ýerine ýe­ti­ril­di. Mä­lim bol­şy ýaly, içeri we daşary syýasaty wagyz etmek, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelere goldaw bermek babatynda Ýaşlar guramasy maksatnamalaýyn iş­le­ri alyp bar­ýar.

— Hä­zir­ki wagt­da guramanyň dolandyryş dü­zü­min­de 389 iş­gär bar. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy 4973 il­kin­ji Ýaş­lar guramalaryny, 909 765 ag­za­ny özün­de jem­le­ýär.

— Ýaş­lar gu­ra­ma­sy maslahatlary, çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär, makalalar bilen çykyş ed­ýärler.

Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde met­bu­gat­da 8 608 makala neşir edildi;

Teleradioýaýlymla­ryn­da 23 369 gep­le­şik taýýarlanyldy;

27 505 wa­gyz-ne­sihat duşuşyklary, şeýlede 8 868 aý­dym-saz­ly baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­di.

— Türk­me­nis­ta­nyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri:

2016-njy ýy­lyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyna we Koreýa Respublikasyna;

2017-nji ýyl­da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine, Eýran Yslam Respublikasyna, Ispaniýa döwletine, Polşa, Çehiýa we Türkiýe Respublikalaryna;

2018-nji ýyl­da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine, Palestina döwletiniň Rammala şäherine, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan Respublikalaryna;

2019-njy ýyl­da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine, Gazagystan we Özbegistan Respublikalaryna, Mongoliýa döwletlerinde geçirilen halkara maslahatlara, sammitlere we forumlara gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular we özara tejribe alyş­dy­lar.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

12.09.2019ý.

 

 

Meňzeş makalalar
2014