GÖKDEPELI PAGTAÇYLARYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmekde ilkinji bolup hötdesinden gelmegi başardylar. Pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip, uly zähmet üstünligine eýe boldular. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde alyp barýan netijeli işlerinden ruhlanýan etrabyň edermen daýhanlary 9200 tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Etrabyň pagtaçylarynyň umumy zähmet üstünliginde «Ýandaklyagyz», «Üzümçilik», «Ýaňgala», «Babarap» daýhan birleşikleriniň «ak altyn» ussatlarynyň goşandy has-da saldamly boldy.

Güýz paslynyň ajaýyp günlerinde halal zähmetiň gaýnap-joşýan döwründe Gökdepe etrap Ýaşlar guramasy hem pagtaçy kärendeçileriň, ussat ýygymçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, meýdan düşelgeleriniň birnäçesinde medeni-köpçülikleýin çäreleriň ençemesini geçirdi. «Ýüwrük elli ýygymçy», «Halal zähmetde galkyn, pagtaçy!» ady bilen yglan edilen on günlük bäsleşikler bolsa, olaryň başarnyklaryny açmaga ýardam etdi. Bu çäreleriň dowamynda öňdebaryjy kärendeçidir ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriniň uly topary sylaglandy.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oba zähmetkeşleriniň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Olara täze oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, suw, tohum, dökün bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Bu zatlaryň ählisi bolsa, daýhanlary yhlasly işlemäge we bol hasyl ýetişdirmäge borçlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, özgertmekde, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

26.10.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014