TOPRAK BEREKET EÇILÝÄR

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, obasenagat toplumynyň işi barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň wajyp pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny döwrebap özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň daýhanlaryna ägirt uly ýeňillikler berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary netijesinde toprakdan bol hasyl almak wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirip, halal zähmetiň hözirini görýän daýhanlaryň sany yzygiderli köpelýär. Pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar. Iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen birlikde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly binýadyna öwrülýär.

Güýz möwsüminiň dowam edýän günlerinde edermen babadaýhanlarymyzyň özleriniň gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekmekleri ýeňiş üstünliklerine atarýar. Pagta ýygymynyň dowam edýän günlerinde pellerde ak patrak ýaly bolup açylan gowaça gozalary göwnüňi galkyndyrýar. Şeýle şatlykly, buýsançly günlerde ilkinjileriň hatarynda Ahal welaýatynyň edermen daýhanlarynyň 207 müň tonnadan hem-de Mary welaýatynyň zähmetkeş daýhanlarynyň 313 müň tonnadan gowrak ak pagtany Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli ýerine ýetirendikleri guwandyryjydyr. Welaýatlarda «ak altyn» ussatlarymyzyň arzyly sepgitlere ýetýän şatlykly pursatlary her birimizi begendirýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda gadymy Was topragynda tebigatyň bol berekedi bolan ak hazynaly atyzlarymyzyň görküne görklenýän ak pagtalar rowaçlanýan ýylymyzy şan-şöhrata besledi. Ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk medeniýetiniň barha arşa galýan günlerinde gazanylýan üstünlikler welaýatyň «ak altyn» ussatlarynyň, edermen daýhanlarynyň çeken zähmeti bilen uly abraýa eýe boldy. Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň agzybirlik bilen çeken zähmetiniň netijesinde Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryldy. Welaýat boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi diňe bir daşoguzly watandaşlarymyzy däl, eýsem, zähmetkeş halkymyz bilen birlikde ählimizi hem begendirdi.

Umuman, ýurdumyzda bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň pagtaçylarynyň irginsiz zähmeti buýsançly üstünlikleri getirdi. Yhlasly zähmetiň netijesinde ýeten üstünlikleriňiz gutly bolsun, zähmetsöýer pagtaçylar! Harmanyňyza bereket! Ak pagtaly atyzlar sizi elmydama ýeňişlere ýar eýlesin!

Aýgözel NURLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

07.11.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014