ÝAŞLAR — WATAN KUWWATY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy watansöýüji ýaşlaryň müňlerçesini özünde jemläp, onuň baş wezipesi demokratik ýörelgelere ygrarly bolan döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşine goldaw bermek, ýaşlary watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemek, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza aýawly garamak ýaly ýörelgelerden ybaratdyr. Olary gyşarnyksyz ýerine ýetirmek ýaşlar üçin mukaddes borç bolup durýar. Milli Liderimiz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda: «Öňde duran belent wezipeleri ýerine ýetirmekde ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine daýanýarys. Şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça ýaşlarymyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny giňden goldaýarys» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik birleşigi bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydygyny aýdyp, munuň bilen baglanyşykly toplumlaýyn wezipeleri hem kesgitledi. Olaryň ählisi ýurdumyzyň ýaş nesillerini mynasyp terbiýelemek, ýaş nesliň wekillerine ählitaraplaýyn goldawy üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň sargytlary ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Onuň netijesinde Ýaşlar guramasy iş usullaryny düýpli özgerdip guraýar, döwrebaplaşdyrýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher guramalary ýaş raýatlar bilen alyp barýan işlerini berkidip, wagyz-nesihat, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirýärler. Ýurdumyzyň hyjuwly, zähmetsöýer ýaşlary hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny, ägirt uly taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýärler. Ýaşlaryň Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri, olaryň jemgyýete, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaş zehinleriň arasynda yglan edilýän «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Talyp gözeli», «Talyp joşguny», «Esger kalbynyň joşguny», «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi», «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ýaly bäsleşikler aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçy gyzjagazlarynyň we oglanlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly bäsleşikler çagalary döredijilige ugrukdyrmakda, höweslendirmekde ilkinji ädimler bolup durýar. Bu çärelerde aýratyn tapawutlanan çagalar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen höweslendirilse, hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, taryhy ähmiýetli wakalary il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezip, zähmet ussatlygy bilen ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşan, işde, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlarymyz Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanýarlar.

Ylmy işler bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň ylmy gözleglerine, döredijilik ukyplaryna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredilip, häzirki gün onuň işleri tutuş ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryndan ybarat wekiliýet halkara maslahatlaryna, sammitlere, sergilere hem işjeň gatnaşýarlar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen daşary ýurtlaryň Ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Bu bolsa dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine, ýaşlaryň durmuşyna degişli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Bu çäreleriň ählisi babatda tele we radio ýaýlymlarda söhbetdeşlikler guralýar, metbugat sahypalarynda makalalar, seslenmeler neşir edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öwrenmek, döretmek, gurmak bu günki ýaşlar üçin uly bagt we mertebedir. Röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, boş wagtlaryny netijeli geçirmegi, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň berkidilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we sportuň giňden wagyz edilmegi ugrunda döwlet derejesinde giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, türkmen halkyny, bagtyýar ýaşlary abadan, eşretli durmuşyň eýesi eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mustafa DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

16.11.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014