WATAN — DILLERIMIZIŇ SENASY

Pe­der­le­ri­miz wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, mert­li­giň, gaý­rat­ly­ly­gyň, gaý­duw­syzly­gyň, leb­ziha­lal­ly­gyň, bir­söz­lü­li­giň gaý­ta­lan­ma­jak nus­ga­lyk ýo­lu­ny mi­ras govupdyrlar. Wa­tan mu­kad­des­li­gini ýaş­la­ra ün­de­mek, ola­ra ýur­du­myzyň gül­läp ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ma­ga hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Merke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zi eda­ra­sy­nyň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Wa­tan we halk diýen gud­rat­ly söz­ler — ýaş­la­ry­my­zyň dil­le­ri­niň se­na­sy» ady bi­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.

Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň para­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ýag­ty er­ti­ri­niň eýe­le­ri bo­lan ýaş­la­ryň döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de bi­lim­li, ter­bi­ýe­li bol­ma­gy, hü­när al­ma­gy we yl­my dö­re­di­ji­li­ge ug­ruk­ma­gy, ata Watanymyza, hal­ky­my­za, pe­der­le­ri­mi­ziň ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ne­ti­je­li iş­le­riň yzy­gi­derli dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi dog­ru­syn­da tä­sir­li gür­rüň­le­ri et­di­ler. Ýur­du­my­zy be­dew ba­dy bi­len ösü­şiň tä­ze be­lentlik­le­ri­ne sa­ry alyp bar­ýan, ata Wa­ta­nymy­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni ýaş­la­ry­myz bi­len berk bag­la­nyş­dyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di­ler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

14.01.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014