BILIMLI ÝAŞLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

2020-nji «Türk­me­nis­tan — Bi­tarap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry halka­ra ýa­ryş­la­ryň iki­sin­de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ata Wa­ta­ny­my­za ýe­ňiş­li do­lan­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Halkara ýaryşlaryň biri şu ýy­lyň ýan­war aýy­nyň 8 — 14-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça «XVI Halka­ra Žau­ty­kow» olim­pia­da­sy­dyr. Abraýly halkara ýaryşynda ýurdumyzyň adyndan zehinli mekdep okuwçylarynyň 17-si wekilçilik et­di. Dün­ýä­niň 20 ýur­dun­dan 600-e go­laý okuw­çy­nyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda okuw­çy­la­ryň 250-si ma­te­ma­ti­kadan, 170-si fi­zi­ka­dan, 160-sy bolsa informatika dersinden özara bäs­leş­di­ler.

Aýratyn zehinli çagalaryň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­daky Döw­let mek­dep-in­ter­na­ty­nyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýörite­leş­di­ri­len 22-nji or­ta mek­de­biň fizika mugallymy Yhlas Apbasowyň ýolbaşçylyk etmeginde halkara ýaryşyna gatnaşan okuwçylardan matematika dersi boýunça Aýratyn zehinli çagalaryň Sapar­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­daky döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuw­çy­la­ry Mu­hammetmyrat Goçmyradow, Kerim Çer­ke­zow we Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­byn­da­ky 40-njy or­ta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Söh­bet Mak­sa­do­w bü­rünç me­dalla­ra my­na­syp bol­du­lar.

Mek­dep okuw­çy­la­ry­my­zyň halka­ra ýa­ry­şyn­da ga­za­nan ikin­ji üstün­lik­le­ri bol­sa şu ýy­lyň ýan­war aýy­nyň 13 — 16-sy ara­ly­gyn­da Indoneziýa döwletiniň Bandung şähe­rin­de ge­çi­ri­len «IS­TEC» hal­ka­ra ylym, teh­no­lo­gi­ýa we in­že­ner­lik bäs­le­şi­gidir. Mek­dep okuw­çy­la­rynyň arasynda täze ylym-tehnologiýa gör­nüş­le­ri­ni ta­nyş­dyr­mak, pikir alyşmak, ylmy nukdaýnazaryny giňeltmek maksadyna eýerip, Ban­dung Dö­re­di­ji­lik Jem­gyýeti (BCS) bilen Indoneziýanyň Ýaş Alymlar Birleşiginiň (IYSA) bilelikde guramagyndaky halkara bäs­le­şi­ge 15-den gow­rak döw­letden 180-e ýa­kyn okuw­çy gat­naş­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden biologiýa mugally­my Ata­my­rat Ju­ma­ýe­wiň ýolbaş­çy­ly­gyn­da türk­men to­pa­ryn­dan dört okuw­çy gat­naş­dy. Ne­ti­je­lere görä, ady agzalan mekdebiň 10-njy synp okuw­çy­la­ry Jen­net Batyrowa biologiýa dersinden altyn me­da­la, teh­no­lo­gi­ýa­dan Dagba­şy Ju­ma­ýew kü­müş me­da­la, Gül­se­çil Yl­ýa­so­wa bilen 9-njy synp okuw­çy­sy Na­bat Sa­ry­ýe­wa bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Biz hem ýaş zehinlerimizi nobatdaky halkara ýaryşlarda gaza­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len tüýs ýürekden gutlaýarys! Olara geljekki ýa­ryş­lar­da hem üs­tün­lik­le­riň ýa­ran bolmagyny arzuw edýäris!

Bibigözel ANNAORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

18.01.2020ý.

 

 

Meňzeş makalalar
2014