BITARAPLYK DÜNÝÄ ÝALKYM SAÇÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň syýasy ýagdaýyna dünýä jemgyýetçiliginde ýokary baha berilýär. Türkmenistanda durnukly ösüşiň hatyrasyna amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz syýasy ulgamda özboluşly orny eýelemek bilen, toplan milli tejribämiz döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň guraly hökmünde üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitleri goramak bilen çäklenmän, halkara diplomatiýasynyň esasy wezipeleri bolan parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk, deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşlyk ýaly düşünjeler bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinden ugur alnyp, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçirýän taslamalary hem umumadamzadyň bähbitlerine gönükdirilendir. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, bir-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli, ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky çözgütleri we daşary syýasy ýörelgeleri, ilkinji nobatda, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Ýagny ädilmeli her bir ädimde, durmuşa geçirilmeli her bir taslamada we amala aşyryljak wezipeler kesgitlenende Bitaraplygyň umumy kabul edilen hukuklarynyň hemde borçlarynyň çäklerinde hereket edýär. Ýurdumyz bu wezipeleri ykrar etmek bilen halkara hukuk borçnamalaryny doly we gyşarnyksyz berjaý edýär. Öz gezeginde, Türkmenistanyň halkara kanunçylygyna ygrarlylygy halkara jemgyýetçiliginiň ynamyna hem-de ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Muny eziz Diýarymyzda soňky ýyllarda halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergi-ýarmarkalaryň we beýleki möhüm çäreleriň geçirilmegi bilen düşündirse bolar. Bu hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle asylly başlangyçlar Türkmenistanyň halkara arenasyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyna hem-de öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagyna şert döredýär. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda hem aýratyn many bardyr. Bu ýylda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçer.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky çözgütleri we daşary syýasy ýörelgeleri, ilkinji nobatda, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Ýagny ädilmeli her bir ädimde, durmuşa geçirilmeli her bir taslamada we amala aşyryljak wezipeler kesgitlenende Bitaraplygyň umumy kabul edilen hukuklarynyň hemde borçlarynyň çäklerinde hereket edýär. Ýurdumyz bu wezipeleri ykrar etmek bilen halkara hukuk borçnamalaryny doly we gyşarnyksyz berjaý edýär. Öz gezeginde, Türkmenistanyň halkara kanunçylygyna ygrarlylygy halkara jemgyýetçiliginiň ynamyna hem-de ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Muny eziz Diýarymyzda soňky ýyllarda halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergi-ýarmarkalaryň we beýleki möhüm çäreleriň geçirilmegi bilen düşündirse bolar. Bu hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle asylly başlangyçlar Türkmenistanyň halkara arenasyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyna hem-de öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagyna şert döredýär. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda hem aýratyn many bardyr. Bu ýylda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçer.

Türkmenistan Watanymyz syýasy gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk hem-de parahatçylyk söýüjilik ýoluny saýlap almak bilen, sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda ýurdumyz abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Parahatçylyk we ösüş maksatlaryna gönükdirilen duşuşyklara yzygiderli gatnaşýar we oňyn teklipleri öňe sürýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda «2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlap bileris. Şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky çözgüdi, bu abraýly gurama tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iki gezek ykrar edilmegi hem-de 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Häzirki döwürde bitaraplygyň dünýä derejesindäki ähmiýetine uly baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň parahatçylygyň we durnuklylygyň strategik düzgünlerine doly gabat gelýän türkmen bitaraplygyna aýratyn orun degişlidir. Halkara bileleşigi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik şertleri döretmegiň pugta guraly hökmünde garaýar. Muňa «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçen hem-de dünýäniň ünsüni özüne çeken «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty hem şaýatlyk edýär. Halkara maslahatyna abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleri, ýolbaşçy düzümleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda BMG-­niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-­niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany hanym Natalýa German, BMG­-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa, ÝHHG­-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hanym Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Lýubomir Frebort, BMG­-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyklar boýunça müdiriýetiniň sebit edarasynyň baştutany hanym Aşita Mittal, ÝUNESKO­-nyň Klaster edarasynyň baştutany jenap Swetan Swetlowskiý, BMG­-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň Sebit edarasynyň direktory hanym Ýasuko Oda ady agzalan guramalar bilen Türkmenistanyň bilelikdäki işi, durmuşa geçirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar, täze hyzmatdaşlyklar barada çykyş etdiler. «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň dowamynda 12 sany möhüm resminamalara gol çekildi. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen BMG we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykar. Galyberse-de, bu halkara forum Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýändiginiň mynasyp subutnamasy boldy. Şonuň bilen baglylykda ýurdumyz halkara guramalary bilen milli we sebit maksatlaryndan ugur alýan ençeme taslamalary durmuşa geçirdi. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Ýurdumyzyň BMG-niň esasy hyzmatdaşyna öwrülendiginiň ykrarnamasy bolan bu başlangyç halkara gatnaşyklarynyň täze hil derejesine eýe bolmagyna ýardam eder. Şeýle asylly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň eýesi bolan Türkmenistanyň her bir raýatyny tüýs ýürekden buýsandyrýar. Bu işleriň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasaty ýatyr. Goý, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleri dowamat dowam bolsun!

Dawut ASGAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

“Nesil” gazeti,

22.01.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014