TÜRKMEN BITARAPLYGY: YNAM. ABRAÝ. HALKARA YKRAR

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­leri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howpsuz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­leriň Ar­ka­la­şy­gy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Go­şu­lyş­maz­lyk He­reke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bi­len ar­ka­la­şyk­ly iş­le­re giň ge­rim be­ril­ýär. Se­bit yk­dy­sa­dy bir­le­şik­le­ri bo­lan Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Şan­haý Hyz­mat­daşlyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ra­zi­ýa Yk­dy­sa­dy Bi­le­le­şi­gi, Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň As­so­sia­si­ýa­sy we en­çe­me beý­le­ki se­bit dü­züm­le­ri bilen-de hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ulu­dyr. «Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­megiň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da» hem bu ug­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy parahatçylyk, döretmek we ösüş strategiýasydyr. Bu strategiýa gyşarnyksyz eýermek bilen, berkarar döwletimiz bütin dünýäde mynasyp hormata, belent abraýa we ykrar edilmegine eýe boldy.

Munuň şeýledigine 14-nji ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat hem şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy bilen gabat gelýän şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň başyny başlan maslahata abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz maslahatda türkmen Bitaraplygynyň esasy ýörelgelerini kesgitläp, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk düzgünlerine ünsi çekdi. Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin ähmiýetli wezipeleri yzygiderli öňe sürýär hem-de şolary çözmäge çalyşýar. Bu maslahatda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahaty guramaga taýýarlyk görmek barada hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek boýunça teklipleriň birnäçesini işläp taýýarlar hem-de BMG-niň garamagyna hödürlär.

Maslahatda Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileriniň «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sazlaşykly goşulandygyna ýokary baha berildi. Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak, sebitde ýaragsyzlanmak işlerine ýardam etmek, suw-energetika meselelerini sazlaşykly çözmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak ýaly möhüm meselelerde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirildi.

Türkmen Bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz munuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi hem-de özara peýdaly daşary ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şeýle hyzmatdaşlygy haýsydyr bir babatda syýasylaşdyrmakdan saklaýandygyny, daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly garaýşy üpjün edýändigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy şu günüň hakykatydyr we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin abraýly guramalar bilen giň hem-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Milli Liderimiziň halkara başlangyçlary, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozdyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebortyň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyklar boýunça müdiriýetiniň sebit edarasynyň ýolbaşçysy Aşita Mittalyň, ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň baştutany Swetan Swetkowskiniň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň Sebit edarasynyň direktory Ýasuko Odanyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Olar Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, durmuşyň dürli ugurlarynda ähmiýetli netijeleri gazanýandygyny, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň öz wagtynda we delilli bolandygyny, ýurduň daşary syýasy ösüşiniň nusgasynyň bolsa, has amatly hem-de milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna we BMG-niň tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini bellediler.

Maslahatyň jemleri boýunça BMG-niň düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň käbir edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça 2020-nji ýyl üçin iş Meýilnamalarynyň 12-sine gol çekilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ejegyz SAPAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

23.01.2020ý.

 

Meňzeş makalalar
2014