KARATEÇILERIMIZIŇ ÜSTÜNLIGI

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen 5-nji «Arpaçaý» açyk halkara bäsleşiginde türkmen karateçileri üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz 1 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç — jemi 8 medal bilen ýurdumyza dolandylar. Altyn medaly 9-11 ýaşly çagalaryň arasyndaky ýaryşlaryň toparlaýyn kumite görnüşinde paýtagtly mekdep okuwçylary Gurbannazar Amandurdyýew, Allanur Ýalkabow, Jora Öwezmyradow dagy gazandylar. Ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eden Wadim Rudskiý, Nurgeldi Annagurbanow, Röwşen Ataýew dagy kata görnüş boýunça hem-de ýygyndymyz toparlaýyn kata görnüşinde kümüş medallary eýelemegi başardylar. Yhlas Annagurbanow, Şamyrat Myradow kata boýunça bürünç medal gazanan türgenler boldy. Şeýle-de 12-15 ýaşly çagalaryň arasyndaky bäsleşikleriň toparlaýyn kumite görnüşinde-de ýygyndy toparymyz bürünç medal gazandy.

Üç günläp dowam eden bu halkara ýaryşa 12 döwletden 1000-den gowrak türgen gatnaşdy.

Akçynar ARAZOWA,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

25.01.2020ý.

 

Meňzeş makalalar
2014