DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ÄHLIHALK IŞIDIR

Ýur­du­myz­da ka­bul edi­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ara­syn­da ada­myň arassa, sag­dyn te­bi­gy gur­şa­wa bo­lan hu­kuk­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ka­nun­la­ryň ka­bul edil­me­gi, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­niň te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­rada­ky stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu hu­kuk res­mi­na­ma­la­ry ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä­niň giň möç­ber­li eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni, ýag­ny ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny go­ra­mak­da we şä­her­le­ri gur­şap alýan «gök gu­şak­la­ry» ös­dür­mek­de, suw, ýer, to­kaý se­riş­de­le­ri­niň berk go­ra­gy­ny dö­ret­mek­de, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak­da esas bo­lup dur­ýar.

Häzirki döwürde howanyň düýpli üýtgemegi bütin dünýäde ösüşiň esasy şerti bolup durýan suw meselesiniň ählumumy möçberde çözülmegini talap edýär. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň tebigaty goramak baradaky birnäçe Konwensiýalaryna goşulan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, halkara suw hyzmatdaşlygy boýunça köp tagallalary amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdesini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek ugrunda bütindünýä ähmiýetli hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn netijeli guralyny döretmek hakyndaky teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara ylalaşygynyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, häzirki wagtda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara Komissiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň suw syýasatynda ýerine ýetirilýän iň uly taslamalaryň biri hem Garagum sährasynyň jümmüşinde gurulýan «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Alymlaryň ylmy-paýhas çözgütleri esasynda gurulýan bu desga ymgyr çägelikde dörän emeli köldür. Zähmetsöýer halkymyzyň, esasan hem, suw hojalygynyň işgärleriniň, alyn derini döküp, ýadawsyz zähmet çekmekleri netijesinde kölüň göwrümi barha giňeýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gorlaryny döretmäge mümkinçilikler artýar, Garagum sährasy bolsa gülzarlyga öwrülýär. Garagumuň merkezinde ýerleşen bu emeli suw desgasy ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir. Uzak möhletleýin netijeli bu taslamanyň hemmetaraplaýyn ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Köp ugurlary öz içine alýan taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň yzygiderli gözegçiliginde saklanylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze obanyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy «Altyn asyr» Türkmen kölü­niň se­bi­ti­ni «2019 — 2025-nji ýyl­larda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi bolup durýar. Şeýle-de Garagumda iri suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalyk we guraklyk bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Munuň özi şol ýerlerde öňden bar bolan ilatly ýerleri we täze dörejek obadyr şäherleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge şertleri döreder.

Ekologiýa düşünjesi örän giň bolup, ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygynyň toplumyny göz öňünde tutýar. Adamyň durmuşy tebigat bilen özara sazlaşykly gatnaşygyna, onuň baýlyklaryndan näderejede pähimli peýdalanylýandygyna baglydyr. Milli Liderimiz: «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle gatna­şyk­lar bu gün — Ber­ka­rar döw­le­timiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer ýörelgeleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär» diýip, tebigat bilen jemgyýetiň sazlaşygynyň esasy ýörelgesini beýan etmek bilen, tebigaty goramagyň wajypdygyny nygtaýar. Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny hem gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak, bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Umuman, häzirki döwürde ýurdumyzda suw, ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, biologik köpdürlüligiň we tebigy aýratynlyklaryň saklanmagy, gök zolaklaryň döredilmegi babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany durnukly saklamak babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň bu babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýändigini tassyklaýar.

Arslan MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

28.01.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014