TE­LE­KE­ÇI­LI­GE GIŇ ÝOL

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de hu­su­sy pu­da­gyň äh­mi­ýe­ti­ni we kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly toplum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz has kuw­wat­la­nyp, ila­ty­my­zyň ýaşaýyş-durmuş şert­leri gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len il bäh­bit­li, ýurt äh­mi­ýet­li tu­tum­ly iş­ler hal­ky­my­zyň ara­syn­da gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň te­le­ke­çi­le­ri-de öz­le­ri­niň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny, güýç-gaý­rat­la­ry­ny gaý­gyr­man zäh­met çek­ýär­ler.

«Telekeçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek döwletimiziň maddy esasyny emele getirýän we ilatyň ýokary hilli ýaşaýşyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimiziň esasy özenini döretmek bilen bir hatarda, onuň kadaly hereket etmeginiň-de kepili hökmünde çykyş edýär» diýýän hormatly Prezidentimiz telekeçilige uly ähmiýet berip, onuň ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki ornuny aýratyn nygtaýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiziň hususy telekeçiligiň ösdürilmegi arkaly ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky tagallalary raýatlaryň şahsy başlangyçlaryny, döredijilik ukybyny goldamak bilen bazar gatnaşyklarynda bäsleşige ukyply harytlaryň, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine öz täsirini ýetirýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Islendik bazar ykdysadyýetinde kiçi we orta telekeçiligiň ykdysady ösüşi, innowasion işleri, işçi güýçleri ýerleşdirmegi, täze iş orunlaryny döretmegi üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bardyr» diýmek bilen, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösüşinde telekeçiligiň ornuna ýokary baha berýär.

Telekeçilik — munuň özi raýatlaryň peýda almak maksady bilen harytlary öndürmek we ýerleşdirmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça hususy işidir. Işçi hem, kärendeçi hem, dolandyryjy hem, kärhana eýesi hem telekeçi bolup biler. Şol sanda telekeçilik işini aýratynlykda ýa-da toparlaýyn görnüşde hem guramak bolar. Birinji ýagdaýda aýratyn bir adamyň hususy işi, ikinji ýagdaýda bolsa olaryň toparynyň alyp barýan işi göz öňünde tutulýar.

Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi durnukly hem-de ýokary depginler bilen ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmegiň wajyp düzüm bölegi hökmünde hususy telekeçiligiň ykrar edilmegine getirýär.

Häzirki wagtda hususy eýeçiligi, telekeçiligi ösdürmegiň binýatlyk esaslary döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, ähli görnüşleriniň deň derejedäki goragynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegi, olaryň ösmegi üçin deň şertleriň döredilmegi, şeýle hem döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýändigi baradaky düzgünleriň öz beýanyny tapmagy bu ugurdaky özgertmeleriň has ýokary depginler bilen amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmäge döwlet syýasaty derejesinde toplumlaýyn çemeleşmeklige uly üns berilýändigi bu pudagyň barha ýaýbaňlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Telekeçiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Bu gün hususy işewürligiň wekilleri täze ýerleri özleşdirýärler, ýyladyşhanalary gurýarlar, maldarçylygy we guşçulygy ösdürýärler. Olar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň esasy böleginiň kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan işewürlere degişli bolmalydygy barada aýdanlary geljekde hususy telekeçiligiň has-da batly depginler bilen ösjekdigine güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleri ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has belende göterýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, ynsanperwerlik, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine ýugrulan parasatly içeri we daşary syýasaty bu gün dünýä döwletleriniň, halkara guramalarynyň, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Parasatly döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli beýik işleri barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da ösmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň öňküden-de ýokarlanmagyna şert döredýär.

Maýa MYRADOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň biznes dolandyryş hünäriniň magistranty.

“Nesil” gazeti,

30.01.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014