TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE TAPGYRY

«Türk­me­nis­tan we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry: pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­na ibe­ren Ýüz­len­me­si BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­di we gu­ra­ma­nyň res­mi dil­le­rin­de çap edil­di.

Ýakynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleriniň, ýolbaşçy düzümleriň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen foruma gatnaşyjylaryň Antoniu Guttereşe iberen Ýüzlenmesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi. Bu şatlykly habar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklaryny täze tapgyra çykarmakda, özara bähbitli hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmekde bitaraplyk ýörelgesiniň wajyp ornunyň bardygynyň subutnamasy boldy. Ýüzlenmede BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen maksatlary we ýörelgeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmaga, ýaşaýyşdurmuşyň ileri tutulýan ugurlarynda, has takygy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen meýilnamalar hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşe gönükdirilen Gün tertibini goldamak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 12-nji dekabrda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirmekde BMG-niň düzümlerini işjeň çekmek bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy.

Gysga döwrüň içinde ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda baý tejribe toplady. Çärýek asyryň içinde kemala gelen Bitaraplygyň türkmen nusgasy Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy, özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň guraly hökmünde esasy ýörelgeleriň birine öwrüldi. Bu babatda BMG Türkmenistana berk ynam bildirýär. Muňa BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatda ýerleşýän sebit merkeziniň işini mysal getirmek bolar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, şeýle hem bu abraýly gurama tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iki gezek ykrar edilmegini hem-de 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde tutuş dünýäde baýram edilip bellenmegini ýatlap bileris. Bularyň ählisi BMG tarapyndan Türkmenistanyň daşary strategik ýörelgelerine hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän başlangyçlaryna bildirilýän uly ynamy, bu halkara guramanyň ýurdumyz bilen uzak möhletli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aňladýar.

BMG hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesini özüniň resminamasy hökmünde ykrar etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy we durnukly ösüşi nazarlaýan başlangyçlaryny goldady. Olaryň hatarynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmek hem-de Halkara meseleleri kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak hakyndaky başlangyjy bar. Bu resminama BMG tarapyndan şeýle ýokary derejäniň berilmegi halkara parahatçylygyny we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, döwletleriň arasynda birek-birege hormat goýmak, düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklary kemala getirmekde, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik şertleri döretmegiň bilelikdäki tagallalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistana aýratyn ornuň degişlidigini äşgär etdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmaga hem-de BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ilerletmäge täzeçe badalga berer. Şeýle asylly işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Dawut ASGAROW, «Nesil».

“Nesil” gazeti,

20.02.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014