KUWWATY ÝOKARLANÝAN PUDAK

Bimöçber tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistan kuwwatly energiýa serişdeleri bilen bu günki gün dünýä ýüzünde barha uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň işjeň ýöredýän energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty netijesinde, Bitarap Türkmenistan örän ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde aýratyn uly orna eýe boldy. Türkmenistan özüniň energetika senagatynyň mümkinçiliklerini barha artdyrmak bilen, bu ugurda halkara bazarlaryna çykmagy strategiki wezipe hökmünde öňe sürýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bolsa dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylyp, dünýäniň ünsüni özüne gönükdiren wajyp taslamadyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ugurda durmuşa geçirilýän iri möçberli işler eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende galdyrýar. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyna dünýä jemgyýetçiligi, dürli halkara guramalary tarapyndan berilýän ýokary bahalar hem şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň energetika pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly öňde goýlan wezipeler barada aýdanlary-da, bu ugurda amala aşyryljak işleriň geljeginiň uludygyny aýan edýär. Ähli ulgamlarda, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň energetika ulgamynda işleriň ýola goýluşynyň kämilleşdirilmegi bu ulgamda edilýän işlere ser salanyňda hem aýdyň görünýär. Energetika pudagyny ösdürmek, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda birnäçe beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň ähmiýeti baradaky aýdanlary bolsa biziň öňümizde kesgitli we wajyp wezipeleri goýdy. Munuň özi institutymyzda talyplara bilim bermegiň häzirki zaman usullarynyň gözlenilmelidigini aňladýar. Çünki talyplar şu günden — bilim alýan döwründen iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak bilen bir hatarda, döwrüň täzeliklere beslenýän ösüşleri bilen-de aýakdaş gadam gitmelidirler. Bu bolsa zamananyň talaby. Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň täzeçilliklere beslenýän syýasatynyň netijesinde zamanabap işleriň, parahatsöýüjilikli syýasatyň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde dünýä ýüzünde uly abraýa eýe boldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasynyň amala aşyrylmagy barada-da durlup geçildi. Bu babatda Energetika ministrliginiň düzüminde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döretmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakynda Karara gol çekilmegi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzyň kuwwatly geljegi baradaky öňdengörüjilikli aladadyr.

Hormatly Prezidentimiziň 11-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşygynda: «Ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýändigi ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy talap edýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bir pudagy hökmünde elektrik energetikasynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek hem zerurdyr» diýen sözleri bolsa bu ulgamyň geljekki rowaç ösüşlerini nazarlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini äleme jar etdi. Biz — energetika ulgamynda zähmet çekmeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem Gahryman Arkadagymyzyň özümize bildirýän mukaddes ynamyna mynasyp jogap edip, ähli ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Aýsona GURBANDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

“Nesil” gazeti,

27.02.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014