BAG — BA­KY­LYK­DAN NY­ŞAN

Mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň pähim-paýhasyndan bin­ýat bo­lan eziz Di­ýa­rymyz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Türk­me­nis­tan — Bita­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni ro­waç­lyk­la­ra, şan­ly se­ne­le­re bes­len­ýär. Şeý­le se­ne­le­riň bi­ri hem ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Mil­li ba­har baýra­my­nyň il­kin­ji gü­nün­de dä­be öw­rü­len äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­dyr.

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirilýär. Bag ekmek, ony ösdürip ýetişdirmek türkmen halkymyzda sogap işleriň biri hasaplanylýar. Köpçülikleýin bag ekmek boýunça geçirilýän dabara hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýola goýuldy. Şu hepdäniň başynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen işleriň ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy. Türkmenistanyň ähli künjeginde agaç nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirer diýmek bilen, Gahryman Arkadagymyz bag ekmek ýaly sogaply işleriň guramaçylykly geçirilmelidigini tabşyrdy.

«Biziň gözel tebigatymyz bar. Ülkämiziň şeýle jana şypa berýän topragyny diňe bir peýdalanmagy däl, eýsem, ony gorap saklamagy hem başarmalydyrys» diýip, belleýän Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzyň her daban ýeriniň gözelligini aýap saklamak bilen bir wagtda bu gözellige gözellik goşmagyň hem aladasyny edýär. Hormatly Prezidentimiziň her ýyl köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyp, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzyň gözelligini hasam artdyrmak ýaly işde halkymyza görelde bolýar.

Soňky ýyllarda ekilen millionlarça düýp agaçlar Diýarymyzyň keşbini düýpgöter üýtgetdi. Her bir ýurduň esasy görkezijisi onuň paýtagty bolýar. Saglyk ýoluna gidilende, Giňdiwaryň gerişlerinden ýa-da «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň ýerleşýän belentliginden ak şäherimiz Aşgabady synlanyňda, gür baglyga bürenip oturan paýtagtymyz gözüňe juda yssy görünýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen Aşgabadyň içinde hem onuň eteginde ösdürilip ýetişdirilen baglar daş-töwerege gözellik paýlaýar. Edil şonuň ýaly-da, ol agaçlar biziň kalbymyza-da gözellik çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizi bagy-bossanlyga öwürmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň «ýaşyl zolagyny» giňeltmek işlerine çynlakaý, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, ekilýän agaç nahallarynyň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bezeg hemde miweli görnüşlerini saýlap almagyň möhümdigini we olara göwnejaý ideg edilmelidigini belleýär.

Halkymyzyň arasynda «Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner» diýen nakyl bar. Döwlet Baştutanymyz güneşli Diýarymyzyň jemalyny nurlandyrýan, howasyny arassa saklaýan baglary köpeltmek, olary aýawly gorap ideg etmek meselesini aýratyn üns merkezinde saklaýar we täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýaly agaçlardyr al-elwan gülleri ekip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky belent başlangyçlary bu gün barha rowaçlanýar.

Bag ekmegi ata-babalarymyz sogap iş hasaplapdyrlar. Çünki bag-bakjaly meýdanlar diňe bir adamyň göwnüni götermek, şol ýeriň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaşaýşy alamatlandyrýar. Agajyň şahalary guşlar üçin ýaşaýyş ýeri bolsa, miweleri iýmit bolup hyzmat edýär. Adamlar dürli hojalyk gurallaryny ýasamakda hem agajy çig mal hökmünde ulanýarlar.

Ata-babalarymyz agaçlara, ösümlik dünýäsine aýratyn hormat goýupdyrlar. Birnäçe asyrlaryň dowamynda ösüp oturan goja baglary keramatlyk derejesine göteripdirler. Şeýle agaçlar güýç-kuwwaty, parasatlylygy, uzak ömri alamatlandyrypdyr. «Barly agajyň başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan» ýaly nakyllaryň halk arasynda ýaýramagy hem pederlerimiziň agaçlara uly sarpa goýýandygyny subut edýär.

Görnüşi ýaly, türkmen halky bag ekmeklige, idetmeklige uly üns berýär. Şeýle endikleri ösüp gelýän ýaş nesillerde terbiýelemek hem örän wajypdyr. Ýaşlaryň arasynda bag ekmek endiginiň ösdürilmeginiň zähmetsöýer, başarjaň, milli gymmatlyklarymyza we tebigata hormat bilen garaýan nesli kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da, arassa howada bag ekmek dabarasyna gatnaşmak bedeniň kislorod bilen baýlaşmagyna, myşsalaryň hereket etmegine itergi berýär. Şeýlelikde, bag nahallaryny oturtmak Watanymyzyň has-da gözelleşmegine, bagy-bossanlyga bürenmegine mynasyp goşant goşmak bilen bir hatarda, bedeniňi berkitmäge hem ýardam berýär.

Türkmen ýaşlary hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy gorap saklamak baradaky aladalaryna, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine tüýs ýürekden buýsanyp, bu başlangyçlara mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek boýunça ählihalk dabarasyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlarda uly ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

21.03.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014