SAG BAŞYM — SOLTAN BAŞYM

24-nji MART — BÜTINDÜNÝÄ INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ GÜNI

«Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa çuň­ňur ornaş­dyr­mak­da sag­ly­gy go­raý­şyň äh­li ugur­la­ryn­da, şol sanda in­çe­ke­sel gul­lu­gyn­da hem soň­ky ýyl­lar­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tagallasy bilen açylyp, ulan­ma­ga ber­len we döw­re­bap en­jam­lar bi­len ab­zal­laşdy­ry­lan Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ço­gan­ly şä­her­çe­sin­de ýer­leş­ýän Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň In­çe­ke­se­li be­je­riş-öňü­ni alyş mer­ke­zin­de ila­ta in­çe­ke­se­le gar­şy sag­ly­gy go­ra­ýyş kö­me­gi­ni ber­mek, in­çe­ke­se­liň öňü­ni al­mak, ke­se­li ir­ki dö­würde ýü­ze çy­kar­mak we be­jer­mek bo­ýun­ça tej­ri­be­li luk­man­lar ta­ra­pyn­dan top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­ler Sag­lyk öý­le­ri­niň, Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy göreş gul­lu­gy­nyň luk­man­la­ry bi­len hem je­bis hyz­mat­daş­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Häzirki wagtda keselhananyň Barlaghana merkezinde inçekeseli gysga wagtda bakteriologik anyklamaga mümkinçilik berýän molekulýar-genetiki anyklaýyş usullary ulanylýar. Barlaghanada soňky ýyllarda inçekesele garşy dermanlara duýgurlygy we durnuklylygy anyklaýyş usullary hem ornaşdyryldy. Näsagda dogry we doly bejergi geçirmeklige mümkinçilik döredýän bu usul häzirki wagtda welaýat inçekesel hassahanalarynyň hem iş tejribesine ornaşdyrylyp başlandy. Merkeziň öýken hirurgiýasy bölüminde Türkmenistanda ilkinji gezek torakoskop enjamy (Germaniýa) bilen torakoskopiýa anyklaýyş usuly ulanylyp başlandy. Bu enjamlar döş kapasasynda ýerleşýän plewrada we plewra boşlugynda döreýän inçekeseli we beýleki keselleri takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Bölümde inçekeseli hirurgiýa usullary bilen bejermek üçin häzirki zaman usullaryň tehnikasy şowly ulanylýar. Öýken, süňk-bogun we oňurga inçekeseliniň hirurgik bejerilişini kämilleşdirmek maksady bilen täze metal konstruktiw we artroskopiki operatiw usullary işlenilip düzüldi. Oňurgada rekonstruktiw-dikeldiş we beýleki täze usullar giňden ulanyşa girizildi. Merkeziň kabul ediş we maslahat beriş bölümine degişli bronhoskopiýa otagynda bronhologiýa usulyny anyklaýşyň we bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanmaklyk giňden ýola goýuldy. Biopsiýanyň transbronhial, braş biopsiýalar ýaly her hili görnüşleri iş tejribesinde giňden peýdalanylýar.

Lukmanlaryň näsaglary kabul edýän otaglary soňky nusgada öndürilen kompýuterlerdir telefon enjamlary bilen üpjün edilendir. Rentgen bölüminde kompýuter-tomografiýa barlag enjamy arkaly öýkeniň dürli kesellerini gysga möhletde we takyk anyklamak mümkin. Mundan başga-da, Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezinde öýken we beýleki içki agzalaryň kesellerini anyklamak üçin ultra ses barlagy giňden ulanylýar. Bu häzirki zaman ýokary hilli enjamyň kömegi bilen öýken plewritini, öýken ehinokokkozyny, öýkeniň dürli çiş we beýleki kesellerini ir ýüze çykaryp bolýar. Inçekeseliň ýürek keselleri bilen utgaşyp gelen ýagdaýynda hassahanada oturdylan köp kanally elektrokardiogramma barlag enjamy arkaly keseli anyklap bolýar.

Merkeziň dispanser bölüminde gatnawly bejergi alýan näsaglara hyzmat edýän inçekesel lukman otaglaryndan başga-da diş, gulak, burun, bokurdak, böwrek kesellerini, dem alyş ýollarynyň, nerw ulgamynyň kesellerini bejermek üçin döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan lukman otaglary näsaglaryň öýkenden daşary kesellerini hem anyklamaklyga we bejermeklige mümkinçilik döredýär.

Merkezimizde her ýylyň mart aýynyň 24-ine Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan welaýat inçekesel hassahanalarynyň, Saglyk öýleriniň, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy lukmanlarynyň, halkara guramalarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär we inçekeseliň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Oňa daşary ýurt hünärmenleri hem gatnaşyp inçekeseliň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça dünýä derejesinde gazanylan üstünlikler, ylmy täzelikler, olaryň iş tejribesine ornaşdyrylyşy, dürli täze usullary ulanmaklyk boýunça özara hyzmatdaşlyk barada giňişleýin durlup geçilýär. Saglyk öýlerinde bu senä bagyşlanyp saglyknamalaryň bäsleşikleri guralýar, öňdebaryjy lukmanlara, şepagat uýalaryna sylaglar, Hormat hatlary gowşurylýar.

Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň işgärleri her bir baýramy uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Geljekde-de keselleri düýpgöter ýok etmek üçin has kämil usullaryň üstünde işleýärler.

Aganazar ÝAGŞYMÄMMEDOW,

Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň ulular dispanser bölüminiň lukmany.

“Nesil” gazeti,

24.03.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014