ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ ÜSTÜNLIGI

22-23-nji mart­da Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de oka­ýan ta­lyp­la­ryň ara­syn­da 3-nji açyk ma­te­ma­ti­ka olimpia­da­sy ge­çi­ril­di. Oňa je­mi 300-e go­laý ta­lyp, şol san­da in­ter­net ar­ka­ly Rus­si­ýadan, Be­la­ru­s­dan, Uk­rai­na­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Bol­ga­ri­ýa­dan, Gre­si­ýadan, Ru­my­ni­ýa­dan, Ar­gen­ti­na­dan, Gü­norta Ko­re­ýa­dan, Wýet­nam­dan, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­dan ta­lyp­la­ryň 108-si il­kinji ge­zek gat­naş­dy.

Açyk matematika olimpiadasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Çylşyrymly matematiki meseleleri berlen wagtyň dowamynda doly we dogry ýerine ýetirip, institutyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow baýrakly birinji orna hem-de altyn medala mynasyp boldy. Ýeri gelende, Akmyrat Tirkeşowyň diňe bir ýurdumyzyň çägindäki ders bäsleşiklerinde däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen bäsleşiklerdir olimpiadalarda Türkmenistanyň adyndan mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýeländigini nygtamak gerek.

Matematika we maglumat tehnologiýalary ugrundan bilim alýan ýaşlaryň arasynda çekeleşikli ýagdaýda geçen olimpiadada halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Tawus Ballyýewa ikinji, şol fakultetiň talyplary Jahangir Polatbaýew hem-de Muhammet Agamyradow, şeýle-de halka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by Begenç Aşyrow baýrakly üçünji orna mynasyp boldular. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar toparyna ýolbaşçylyk eden halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Begmyrat Ataýew:

— Ta­lyp­la­ryň ara­syn­da­ky açyk matematika olimpiadasy indi üçünji gezek geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýä ýurtlarynyň matematika ugurly bilim ojaklarynyň talyplarynyň hem internet arkaly işjeň gatnaşandygyny nygtamak gerek. Talyplar A hem-de B derejede ýekelikde we toparlaýyn çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinden bu olimpiada talyplaryň 7-si gatnaşdy. Has tapawutlananlar baýrakly orunlara mynasyp bol­dy. Biz — mu­gal­lym­lar öz ta­lyplarymyzyň gazanan nobatdaky üstünligine diýseň buýsanýarys. Olaryň her bir ýeňşi bizi yhlasly we döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlary üçin döredip berýän hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri dur. Geljekde-de ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde gujurgaýratymyzy gaýgyrman zähmet çeke­ris — di­ýip, gür­rüň ber­di.

Aýgül RAHYMOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy fakultetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

26.03.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014