ÝITI RESPIRATOR ÝOKANJYNDAN GORANALYŇ!

Ýiti res­pi­ra­tor ýo­kan­jy bü­tin dün­ýä­de ça­ga­la­ryň hem-de uly ýaş­ly adam­la­ryň ara­syn­da iň köp duş gel­ýän ke­sel­le­riň bi­ri­dir. Ýi­ti res­pi­ra­tor ke­sel­le­ri­ni ag­la­ba ýag­daý­da wi­rus­lar dö­red­ýär. Ýö­ne soň­ra wi­rus­la­ryň üs­tü­ne bak­te­ri­ýa­lar hem go­şu­lyp, agyr gaýra üzül­me­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­ti­rip bil­ýär. Olar, esa­san, nä­sag adam­dan sag­dyn ada­ma ho­wa­nyň üs­ti bi­len ýo­kuş­ýar hem-de birmeň­zeş kli­ni­ki ala­mat­lar bi­len ýü­ze çyk­ýar.

Ke­se­liň ala­mat­la­ry: bo­kur­da­gyň agyr­ma­gy, ysyt­ma, üs­gü­le­wük, kel­la­gy­ry, be­de­niň gow­şa­ma­gy. Bu ala­mat­lar peý­da bo­lan ýag­daýyn­da, ha­ýal et­män maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tut­ma­ly.

Is­len­dik ýo­kanç ke­sel­den, şol san­da ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kan­jyn­dan go­ran­mak hem mö­hüm­dir. Mu­nuň üçin ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç­la­rynyň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýän düz­gün­le­ri ber­jaý etmek ýe­ter­lik­dir:

— üs­gür­ýän, as­gyr­ýan adam­la­ra ýa­kyn­laş­mak­dan sak­lan­ma­ly;

— äh­li maş­ga­la ag­za­la­ryn­dan Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­rama­sy­nyň tek­lip eden öňü­ni alyş san­jy­my­nyň ge­çi­ril­me­gi­ni ga­zan­maly;

— adam­la­ryň köp üýş­ýän ýe­ri­ne bar­mak­dan ga­ça dur­ma­ly;

— he­mi­şe ýa­nyň­da çyg­ly sü­pür­giç­le­ri sak­la­ma­ly, ýag­ny wi­ru­syň el­ler ar­ka­ly ýo­kuş­mak how­py dö­rän ýag­da­ýyn­da el­le­ri­ňi çyg­ly süpür­giç bi­len sü­pür­me­li;

— da­şar­dan ge­leň­de na­har­dan öň we soň el­le­ri­ňi sa­byn­lap ýuwma­ly;

— ýa­şa­ýan ja­ýyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik edip durma­ly;

— her gün 3-4 ge­zek otag­la­ryň içi­ni ýe­le­ji­re­dip, çyg es­gi bi­len arassa­lap dur­ma­ly;

— dem alyş ýol­la­ry­ny yzy­gi­der çyg­lan­dy­ryp dur­ma­ly, duz­ly er­gini, ok­so­lin mel­he­mi­ni ulan­ma­ly;

— aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­li: ýa­şa­ýan ýe­ri­ňi, be­de­niňi, egin-eşi­gi­ňi, ýorgan-düşegiňi, gap-gajyňy aras­sa sak­la­ma­ly;

— wi­ta­min­le­re, mik­roe­le­ment­le­re baý bo­lan gök önüm­ler­dir miwe­ler bi­len iý­mit­len­me­li;

— dog­ry iý­mit­len­mek, iş­jeň he­re­ket et­mek, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak, gün ter­ti­bi­ni dog­ry gu­ra­mak ar­ka­ly im­mu­ni­teti­ňi güýç­len­dir­me­li.

Aýsoltan IŞANGULYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany.

“Nesil” gazeti,

04.04.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014