BEHIŞDI BEDEWLERIŇ WASPY

Gözelligiň we ýyn­dam­ly­gyň naý­ba­şy nus­ga­sy hök­mün­de yk­ra­r edi­len ahalte­ke be­de­wi ýur­du­my­zyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­my­nyň ok­gun­ly ösü­şi­niň baş ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ahal­te­ke at­la­ry­na be­lent sar­pa goý­ýan mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöhraty dün­ýä ýaň sal­ýar.

Ahal­te­ke at­la­ry me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň aý­rylmaz bir bö­le­gi­dir. Ta­ry­ha ser sal­sak, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ata-ba­ba­la­ry­myzyň ahal­te­ke at­la­ry­ny idet­mek, ola­ryň sa­ny­ny kö­pelt­mek, naý­ba­şy to­hum­lyk at­la­ry se­ýis­le­mek ýa­ly iş­lere aý­ra­tyn üns be­ren­dik­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Ine, şo­nuň üçin hem ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­miz öz ýyn­dam­ly­gy­ny, owa­dan­ly­gy­ny, çy­dam­lyly­gy­ny ýi­tir­män, şöh­rat­ly ta­ry­hy bi­len bi­ziň şu gü­nü­mi­ze çen­li ýe­tip gel­di. Bi­ziň baş maksa­dy­myz hem ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­zi, ýag­ny ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­la­ry­my­zy in­di­ki ne­sil­le­ri­mi­ze äh­li öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­lary bi­len ýe­tir­mek­dir.

Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän ýol-ýörelgelerimize da­ýa­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­ra­da bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da atçylyk-sport top­lum­la­ry he­re­ket ed­ýär. At­şy­nas­lar üçin ýöri­te at­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, okuw mer­ke­zi­niň we ze­rur bo­lan bi­na­la­ryň gurlup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi bu aý­dylan­la­ra aýdyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ber­ka­rar döw­le­timi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de be­hiş­di be­dew­leri­miz döw­let ta­ra­pyn­dan ala­da bi­len gur­şal­ýar. 2015-nji ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­da «At­çy­lyk we at­ly sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bu Ka­nun ýur­du­myz­da be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gyna şa­ýat­lyk ed­ýär. Ga­ly­ber­se-de, 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da kon­kur spor­ty bu hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­niň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 2010-njy ýy­lyň aw­gust aýyn­da Hal­ka­ra ahal­teke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy esas­lan­dy­ryl­dy. Bu gura­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy aras­sa gan­ly ahal­te­ke at­la­ry­nyň ha­sa­by­ny ýö­ret­mek, hal­ka­ra at­çy­lyksport ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­mak, hal­ka­ra at­çy­lyk gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek we naýba­şy ahal­te­ke at­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­mak bolup dur­ýar. Bu as­so­sia­si­ýa türk­men we da­şa­ry ýurt­ly at­şy­nas­la­ry, at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul bol­ýan hü­när­men­le­ri, at­çy­lyk sun­ga­ty bi­len gyzyk­lan­ýan su­rat­keş­le­ri we heý­kel­ta­raş­la­ry bir ýe­re jem­län gu­ra­ma bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jöw­her paý­hasyn­dan dö­rän, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze ba­gyşla­nan ki­tap­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti aý­ra­tyn ulu­dyr. «Ga­da­my bat­ly be­dew», «Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz», «Atda wepa-da bar, sapa-da » ýa­ly ki­tap­lar ha­ky­ky en­sik­lo­pe­di­ki çeş­me hök­mün­de hyz­mat ed­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­miz üçin ter­bi­ýe mekde­bi hök­mün­de hyz­mat ed­ýän bu ki­tap­lar ýaşlar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Olar kal­bynda be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan söý­gi pü­re­pür­le­ýän is­len­dik adam üçin gym­mat­ly ýan­ki­ta­ba öwrül­di. Bu ki­tap­lar da­şa­ry ýurt­ly at­şy­nas­lar üçin hem gym­mat­ly mag­lu­mat çeş­me­sidir. Se­bä­bi rus we iň­lis dil­le­rin­de ýa­zy­lan ki­tap­lar da­şa­ry ýurt­lu­lar üçin türk­me­niň gu­wan­jy bo­lan be­hişdi be­dew­le­ri­miz bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu aja­ýyp ki­tap­lar­da ýa­şaý­şyň ma­ny­sy­ny, türk­men hal­ky­nyň at bi­len ara­bag­la­ny­şygy­ny, onuň dur­muş­da­ky tut­ýan or­nu­ny be­ýan ed­ýär. Ine, şo­nuň üçin hem be­dewle­riň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­dan ha­bar ber­ýän bu dür­dä­ne ki­tap­lar bü­tin dün­ýä­de uly ses­len­me dö­ret­di. Türk­men at­la­ry­nyň ge­lip çy­ky­şy­ny, şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny we gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­ligi­ni açyp gör­kez­ýän bu ki­tap­lar fi­lo­so­fi­ki oý-pi­kir­le­ri özün­de jem­le­ýär. Ki­tap­da­ky be­ril­ýän gym­mat­ly mag­lu­mat­lar tä­sin, şol bir wag­tyň özün­de düýp­li we yl­my esas­la­ra da­ýan­ýar.

Jem­läp aý­da­ny­myz­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dö­wet ga­la­myn­dan çykan aja­ýyp eser­leri bi­ziň her bi­ri­miz üçin gym­mat­ly gol­lan­ma­dyr. Hal­ky­my­za şeý­le aja­ýyp ki­tap­la­ry sow­gat be­rýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­la­my ­ýi­ti bol­sun!

Sona ISLAMOWA,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

“Nesil” gazeti,

26.04.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014