TAGTY SÜLEÝMANDYR ÜSTI BEDEWIŇ

Be­dew at­lar ha­kyn­da gür­rüň açy­lan­da, hök­ma­ny su­ratda söz us­sady Seýitnazar Seý­di­niň «Tagty-Süleýmandyr üsti be­de­wiň» di­ýen aja­ýyp se­tir­le­ri­ni ýat­la­ýan­dy­rys. Be­dew at­lar ha­kyn­da­ky is­len­dik buý­sanç­ly gür­rü­ňi hal­ky­myz hut özi ha­kyn­da­ky gür­rüň hök­mün­de ka­bul ed­ýär. Çün­ki be­dew türk­men ýi­gi­di­niň dos­tu­dyr, ýol­da­şy­dyr, syr­da­şy­dyr.

Ýeri ge­len­de bel­le­sek, türkme­niň ga­myş­gu­lak dal bedewleriniň waspy äleme meşhurdyr. Taryhyň has irki döwürleri barada häsiýetnama ýa­zan dün­ýä da­nyş­ment­le­ri — ta­ryh­çy­la­ry, sy­ýa­hat­çy­dyr alymlary, ýazyjydyr şahyrlary bu ha­ky­ka­ty en­çe­me ge­zek tek­rarlap­dyr­lar. Ola­ryň bi­ri-birinden habarsyz ýazan maglumatlary şol bir hakykatyň tekrarlamasy bolup ýaňlanýar.

Dost ha­kyn­da­ky gür­rüň dostuň di­lin­de wasp­na­ma öw­rülen­de, onuň äh­mi­ýe­ti has-da artýar. Muny biz hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ahal­te­ke be­dew­leri bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­den ajaýyp eser­le­ri­niň my­sa­lyn­da-da aýdyň görýäris. Bellemeli zat, milli Li­de­ri­mi­ziň jöw­her paý­ha­syn­dan kemala gelen «Ahalteke bedewi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöhra­ty­myz», «Ga­nat­ly be­dew­ler», «Ga­da­my bat­ly be­dew», «At­da wepa-da bar, sapa-da» ýa­ly kitap­la­ryny oka­nyň­da be­dew at­la­rymyz dogrusyndaky rowaýatlardyr tymsallar, durmuş hakykatlarydyr ta­ry­hy mag­lu­mat­lar özü­ne bendi ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Döw­let gu­şy» ro­ma­nyn­da hem be­dew atyň ede­bi keş­bi örän ussatlyk bilen beýan edilýär.

Türk­men hal­ky ne­sil­ba­şymyz Oguz ha­nyň za­ma­nyndan bagtyýarlyk döwrümize çenli bedew aty bilen taryhda egin deň­läp, şöh­rat­la­nyp geldi. Bu gün­ki gün hem türkmen bedewlerine mertebe şany berilýär. Bu hakynda hormatly Pre­zi­den­ti­miz: «Ta­ry­hyň gatla­ryn­da bo­lup ge­çen äh­li waka­la­ra be­dew­le­ri­miz gö­nü­den-gö­ni da­hyl­ly bolmasa-da, ola­ry bedewsiz göz öňüne getirmek kyn­dyr» di­ýip jaý­dar bel­le­ýär.

Dog­ru­da­nam, hal­ky­my­zyň tary­hy­ny be­dew at­syz göz öňüne-de ge­tir­mek müm­kin däl. Hut şo­nuň üçin hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly we oýla­ny­şyk­ly döw­let sy­ýa­sa­ty ne­tijesinde, her ýylyň aprel aýynyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de Türk­men bede­wi­niň mil­li baý­ra­my döw­let derejesinde dabaraly baýram edilýär. Baýramçylyk günlerinde milli şaý-sep­ler bi­len be­ze­len be­dewle­ri­mi­zi syn­la­nyň­da, zer­gär­le­rimi­ziň us­sat­ly­gy­na haý­ran galýarsyň. Bu hakyndaky gürrüňler hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da » at­ly kitabynda atlarymyza bolan milli buý­sanç eriş-ar­gaç bo­lup geçýär. Bu kitapdaky: «Türk­men be­dew­le­riniň owa­dan şaý-esbaplary türkmen zergärçiliginde ünsden düşürilmeýän ugurlaryň biridir. Türkmen bedewleri dünýäniň iri sirk aýlawlarynda, gözellik ser­gi­le­rin­de şol aja­ýyp be­zegle­ri bi­len hem mä­hel­lä­ni haýran gal­dyr­ýar. Be­dew­le­riň owadan şaý-sep­le­ri ola­ryň türk­men durmuşyndaky ykjam ornunyň su­but edil­me­si­dir. Olar jem­gyýet­çi­lik ka­nun­la­ryn­da we gat­naşyklarynda kemala gelip, taryhy durmuşyň mertebeli şaýatlaryna öw­rül­di­ler» di­ýen jüm­le­ler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Goý, türk­men be­dew­le­ri­niň bag­tyň owa­zy­na meň­zeş kiş­ňeme­si toý-baý­ram­la­ry­myz­da hemi­şe ýaň­la­nyp dur­sun! Be­hiş­di bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, olary ýetişdirmek, idetmek, seýislemek babatda taýsyz tagallalary edýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, ömri uzak, tutýan tutumly iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Nurmyrat ARAZDURDYÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

28.04.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014