SAGLYK — BAÝLYK

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňden­gö­rü­ji­lik­li yn­san­per­wer sy­ýasa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Ne­ti­je­de, adam ha­kynda­ky ala­da­dan ge­lip çyk­ýan we­zipe­ler öz oňaý­ly çöz­güt­le­ri­ni tap­ýar. Sag­lyk ul­ga­my­na de­giş­li tä­ze bi­nala­ryň, sport toplumlarynyň gurlup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­myzda sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aýdyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­ti­ren ägirt uly iş­le­ri­niň bi­ri-de hal­ky­myza sow­gat be­ren «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li ylmy-ensiklopedik ki­tap­la­rydyr. Olar­da Di­ýa­ry­myz­da ös­ýän dür­li ösüm­lik­le­riň der­man­lyk hä­siýet­le­ri açy­lyp gör­ke­zil­ýär hem-de ola­ry ulan­ma­gyň usul­la­ry mas­la­hat be­ril­ýär. Bu ki­tap­la­ryň many-mazmuny ta­lyp ýaş­la­ryň ara­syn­da uly gy­zyk­lan­ma bi­len öw­re­nil­ýär. Şu ni­ýet bi­len or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de okuw­çy­lar­dyr ta­lyp ýaşlar bi­len ge­çi­ril­ýän wa­gyz-nesi­hat iş­le­rin­de mu­gal­lym­lar, jemgy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kille­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni yzy­gi­der­li ün­de­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz çy­kyş­la­ry­nyň birin­de: «Be­lent mak­sat­la­ra di­ňe oýla­ny­şyk­ly we dö­re­di­ji­lik­li iş­ler, bede­n we ru­hy kä­mil­li­k, ýe­ňiş­le­re we üstünliklere bo­lan uly ynam bi­len ýe­tip bo­lar» di­ýip bel­läp­di.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ýe­ne bir ug­ry aras­sa­çy­lyk bi­len bagly­dyr. Ine, bu hem ça­ga­la­ryň, ýaş­laryň, ola­ryň ata-ene­le­ri­niň ara­syn­da giň­den wa­gyz edil­me­li­dir. Onuň, il­ki bi­len, el­le­ri­ňi aras­sa sak­la­makdan baş­lan­ýan­dy­gy­ny ça­ga­la­ra düşün­dir­me­li­dir. Bu ba­bat­da maş­ga­la ter­bi­ýe­si­niň hem mö­hüm­di­gi­ni aýra­tyn bel­le­me­li­di­ris. Şo­nuň üçi­nem ata-ene­ler bi­len bi­le­lik­de iş alyp bar­mak özü­niň go­wy ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Oňa sag­lyk ul­ga­my­nyň işgär­le­ri hem öz­le­ri­niň my­na­syp goşant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz ta­gal­la­la­ry bi­len be­den­ter­bi­ýe we sport sy­ýa­sa­ty­nyň üstünlikli ama­la aşy­ryl­ma­gy netijesinde Türk­me­nis­tan sport dün­ýä­sin­de görlüp-eşidilmedik de­re­je­le­re ýetdi. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gynyň daba­ra­ly bel­len­ilýän ýy­lyn­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­jek des­ga­la­ryň için­de sag­lyk we sport des­ga­lary­nyň, bi­lim ojak­la­ry­nyň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň hem mö­hüm orun eýele­ýän­di­gi kal­by­ňda buý­sanç duýgu­la­ryny oýarýar.

Atajan ORAMADOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

30.04.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014