HAÝYR-SAHAWAT SAGLYKDA

Ynsa­nyň is­leg­dir hö­we­siniň bel­li bir çä­gi ýok. Ol käteler al-asmanda ganat kakyp, nirede ýyly ýurt bar bol­sa, şol ta­ra­pa göç eýle­ýän guş­lar ýa­ly «müm­kin­çilik ser­het­le­rin­de­nem» ge­çäý­ýär. Ýog­sa mäh­rem oja­gyň ga­py­syndan ätläniňden durmuş üçin gerek­li bo­lan öý goş­la­ryň hem, ýorgan-düşek, gap-gaçlaryň-da ýerbe-ýerdir. Eşik sa­lyn­ýan şkafyňy açsaň ulularyň-da, çagalaryň hem, tü­we­le­me, öý­de-iç­de, toýda-märekede geýýän geýim-gejimleri-de ikilaý, üçlaý asylgy durandyr. Şonda-da käteler olaryň üs­tü­ni tä­ze, döw­re­bap närse­ler bi­len dol­dur­ma­gy ar­zuw edeniňi duýman galarsyň. Beýik halk­la­ryň bi­ri: «Ar­zuw et­mek zyýanly däl» diýipdir. Türkmen aga bol­sa: «Ýor­ga­ny­ňa görä aýak uzat» di­ýer-de, hal­kyň milli köňül köşgüniň açaryny eli­ňe be­rä­ýer. Dur­muş­da iň uly baý­ly­gyň ka­na­gat­dy­gy­ny dü­şündi­rer. Se­bä­bi yn­sa­nyň at-abraýyny, girim-çykymyny maddy zat­lar bi­len öl­çe­mek hal­ky­my­za mah­sus hä­si­ýet däl. Esa­sy zat ru­hy baý­lyk­da we jan sag­lyk­da jem­len­ýär. Mil­li hä­si­ýet­le­ri­mizdä­ki sa­nap ge­çi­len häl­ki när­seler dur­muş ha­jat­la­ry üçin ýö­nekeý ze­rur­lyk­lar: yn­sa­nyň te­ni­ni päkize we goragly saklamak, öý-içerisini tertipli görkezmek, iý­mit­le­nen­de her bir hö­re­gi aýra­tyn­lyk­da, beý­le­ki bi­ri­ne garman ka­bul et­mek üçin des­lap­ky kö­mek­çi­ler ha­sap­lan­ýar.

Ata-ba­ba­la­ry­myz ruh bi­len ja­nyň bi­te­wü­li­gin­de, abat­ly­gynda ke­ma­la gel­ýän sag­ly­gy baş baý­ly­gy sa­ýyp­dyr. Aras­sa ho­wanyň, bol Gü­ne­şiň, şy­pa­ly su­wuň, te­bi­gy önüm­le­riň, ja­na ýa­ram­ly ly­bas­la­ryň sag­ly­gy ber­kit­mek­de we goramakda täsiriniň uludygy­na göz ýe­ti­rip­dir. Se­bä­bi janyň sag bol­ma­sa mad­dy gymmat­lyk­la­ryň hiç bi­ri­niň gö­zü­ňe görünmeýändigine akyl ýetirilýär. Halkymyzyň aýdym-sazyň üs­ti bi­len, te­bi­gy gö­zel­lik­le­re gezelenç etmegiň, keramatly top­ra­gy­myz­da möw­süm­le­ýin bişip ýetişýän ir-iýmişleriň, gökdür bak­ja ekin­le­ri­niň kö­me­gi ar­ka­ly sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi däp edinmegi-de onuň mysaly kepilidir. Özem täsin ýeri, peder­le­ri­mi­ziň her bir iý­mi­ti öz öl­çe­gin­de, be­de­ni­niň ýag­da­ýyna, gur­ba­ty­na gö­rä ka­bul et­megi nus­ga alar­lyk­dyr. Ar­tyk­maç iýlen iýmitiň öwezini dolmak üçin ber­hiz sak­la­mak hem erkliligiň teswiridir.

Yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mekde şeýle gymmatly milli ýörelge­ler bi­len bir­lik­de her ýy­lyň Oraza aýynda dünýä musulman­la­ry­nyň dä­bi­ne eýe­ri­lip agyz bek­le­mek ar­ka­ly hem jan saglygyň aladasy edilýär. Lukmanlar ynsanyň içki agzalarynyň edil önüm öndürýän zawod-fabrikler ýa­ly dyn­gy­syz işleýändigini düşündirýärler. Ýö­ne kär­ha­na­lar­dan ta­pa­wut­lylykda adamyň iýmit siňdiriş agza­la­ry iý­len na­ha­ry iş­läp, ja­na ýaramly maddalara öwürmek üçin gi­je-gün­diz he­re­ket et­me­li bol­ýar. Dyn­gy­syz dur­muş hysyrdylarynyň adamy ýadadyşy ýa­ly, gu­tar­nyk­syz he­re­ket hem sur­nuk­dy­ryp bil­ýär. Şol sebäpli-de döwlet tarapyndan ýylda bir sa­par iş­le­ýän adam­la­ra zäh­met rug­sa­dy­nyň, ylym-bi­lim bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ra dynç alşyň ber­li­şi ýa­ly, Ora­za aýyn­da agyz bek­le­mek ar­ka­ly be­de­niňi «zäh­met rug­sa­dy­na çy­karmak» lazym. Şonuň üçin pederlerimiz jany sag, onki synasy abat ada­myň ora­za tut­ma­gy­ny unapdyrlar. Ýarawsyz, islendik bir sö­kel­lik­den ejir çek­ýän­le­re, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna, perzende garaşýan zenanlara, çaga emdirýän enelere agyz bek­le­me­giň ýe­tir­jek zy­ýanyny düşündiripdirler.

Oraza tutmagyň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugta­lan­dyr­mak­da hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Mü­bä­rek aýyň baş­lanma­gy bi­len tö­we­rek­de: «Oraza­ňyz ka­bul bol­sun!», «Be­ren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz, eden ýagşy dilegleriňiz so­ga­by­ňy­za ýa­zyl­syn!» di­ýen ýaly söz­le­ri hä­li-şin­di eşit­mek bolýar. Bu aý­da di­ňe bir iý­mit­den saklanmak arkaly däl-de, eýsem, nas atmak, çilim çekmek, şerap iç­mek ýa­ly bi­weç en­dik­ler­den el çe­ki­lip, be­de­ne ýe­ňil­lik beril­ýär. Şeý­di­bem yn­sa­nyň ýa­ramaz endiklere eýerip, öz elleri bi­len sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän zy­ýa­ny wagt­la­ýyn hem bol­sa çäk­len­dirilýär. Bu aýda adamlaryň gözlerini görmesiz zatlardan, dilini gy­bat-ýa­lan aýt­mak­dan, gu­laklaryny paýyş sözleri eşitmekden sak­la­ma­gy­nyň hem peý­da­sy ulu­dyr. Bel­li bir se­bä­be gö­rä, ora­za tu­tup bil­me­ýän ada­myň ag­zy bek­li maş­ga­la ag­za­la­ry­na hyz­mat et­me­gi, agyz açy­lan­da we daň bi­len çe­ki­len­de sag­ly­gy üçin ýaramlyja tagamlary taýýar­la­ma­gy sylag-hormaty art­dyryp, garyndaşlyk gatnaşyklaryny ber­kid­ýär.

Bu aý­da ýaş ne­sil­le­riň be­den saglygyny goramaga, pikirlenişini ös­dür­mä­ge hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Re­me­zan aýy baş­laýan ba­dy­na öý­me-öý aý­la­nyp, «hoş­sy­rat bir Aýyň do­ga­ny­ny» buş­la­ýan ça­ga­la­ra paý be­ril­ýär. Ola­ryň ze­hin-ba­şar­ny­gy, sa­paklaryny özleşdirişi, gözýetiminiň giňligi tapmaçalaryň we matalla­ryň üs­ti bi­len sy­nag­dan geçi­ril­ýär. Ýa­kym­ly­ja ses­le­ri bi­len ýa­re­me­zan aý­dyp be­ren ça­ga­lara: «Ma­ta­lym mat­dy, ýe­re gi­rip gum at­dy», «Ata­sy üç ýa­şyn­da og­ly ba­za­ra gi­der», «Pes­se­jik ýerden gar ýagar» diýen ýaly ýö­ne­keý­je so­wal­la­ry be­rip, «Hany, ba­la­lar, siz aý­dyň, jo­ga­by nä­me bol­ýar?» di­ýip gy­zyk­landyr­ýar­lar. Ola­ryň haý­sy dog­ry jo­ga­by tap­sa, aý­ra­tyn sow­gat be­ril­ýär. Ça­ga­la­ryň eka­byr­ragy­na bol­sa: «Da­ga gurt düş­se nä­me bi­len aýyr­ma­ly?», «Gy­zyl öküz ýatan ýerde näme üçin ot bit­me­ýär?» di­ýen ýa­ly çuň­ňur pikirlenmegi talap edýän tapma­ça­lar be­ril­ýär. Üşük­li­je oglan­la­ryň: «Da­gyň gur­du­ny düýä­niň şa­hy bi­len aýyr­sa bo­lar», «Gy­zyl ökü­zi daň­maz­dan öň ha­syl hak­da oý­lan­ma­ly eke­ni» diýen ýaly köpmanyly jogaplary — dag­da gur­duň, dü­ýe­de şahyň bol­ma­ýan­dy­gy­nyň, eke­rançylyk meýdanda ot ýakmagyň gü­nä­si­niň ulu­dy­gy­nyň su­but­nama­sy bo­lup ýaň­lan­ýar.

Ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri milli ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze berk or­na­şan haýyr-sahawat, yn­san­per­wer­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler yn­san mer­te­be­si­ni be­ýi­ge gal­dy­ryp­dyr. Ma­lyň­dan, ba­şyň­dan, ar­tyk­maç baý­ly­gyň­dan, gy­zyl şaý-se­piň­den Al­la­nyň ha­ky üçin hüşür-zekat ber­mek, ogul­syz-gyz­syz ben­de­lere, ýarawsyz, ýeke ýaşaýan garrylara, köp çagaly maşgalalara zyýapat etmek işleri Oraza aýynda has-da güýç­le­nip­dir. Özü­ne göw­ni ýet­ýän bar­jam­ly adam­lar ýa­kynynda ýaşaýan, kynçylyk çekýän şeý­le yn­san­la­ra kö­mek ber­me­gi, ata-enesiz oglanlary öz garamagy­na alyp, hünär-bilim öw­ret­megi, öýli-işikli etmegi uly dereje saýypdyrlar. Oraza aýynda öküz, og­şuk ýa­ly uly mal öl­dü­rip, birnäçe ownuk dowar malyny soýup ag­zy bek­li­le­re, mä­täç­le­re, eklenjini ýitirenlere paýlamak ilimiz­de so­gap ha­sap­la­nyp­dyr. Şeýle haýyr-sahawat iş­le­ri adam­la­ryň ag­zy­bir bol­ma­gy­na, bi­rek-bi­re­ge el­de ba­ry­ny et­mek­li­ge, ýag­şy­lyga zäh­me­ti­dir yh­la­sy bi­len jo­gap ber­mek­li­ge ýar­dam edip­dir.

Ynsanperwerlik işleriniň neti­je­sin­de dur­mu­şa bo­lan hö­wes ar­typ, ru­hu­be­lent­lik, keý­pi­çaglyk kal­by­ňa or­naş­ýar. Ynam, hö­wes, ru­hu­be­lent­lik bol­sa sagly­gyň sa­ka­sy ha­sap­lan­ýar. Şeýle­lik­de, hal­ky­my­zyň öň­den dowam edip gel­ýän haýyr-sahawat etmek ýaly milli ýörelgelerini ösdürmek, Oraza aýynyň däple­ri­ne eýe­rip, ag­zy­ňy bek­läp, be­de­ni­ňe dynç ber­mek jan sagly­gyň ber­ke­me­gi­ne ýar­dam edýär. Ili­miz­de sag­lyk äh­li mad­dy we ru­hy baý­lyk­dan hem ýo­kary goýulýar. Saglyk munuň özi her bir yn­sa­nyň ba­şy­nyň tä­ji, maş­ga­la­sy­nyň abat­ly­gy, döw­le­tiniň zyýadalygydyr.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

14.05.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014