MIL­LI GAH­RY­MAN­LAR HA­TY­RA­LAN­ÝAR

Parahatçylygyň we azatlygyň goragçylaryny sarpalamak halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň biri hasaplanýar. Şeýle asylly däbimizden ugur alyp, türkmen halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde faşizme garşy uruşda gazanylan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Permana gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, uruş weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryny hemde tylda zähmet çeken zähmet weteran­la­ry­ny «1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Milli Liderimiziň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sylaga mynasyp bolanlara ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let sy­la­gy we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Sylaglara mynasyp bolanlaryň sanawynyň aýratyn kitap görnüşinde çap edilmegi bolsa, halkymyzyň başyny göge ýetirdi.

Watan gahrymanlarynyň hatyrasyny belent tutýan Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň 2019-njy ýy­lyň okt­ýabr aýynda Aşgabatda bolan sammitinde 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň ähli döw­let­le­rin­de 2020-nji ýy­lyň 9-njy maýynda Ýeňiş gününi bellemek barada teklip edende, türkmen halkynyň merdanalygy bir gez ýokary galyp, bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Taryhy maglumatlar bize türkmen ýigitleriniň aldym-berdimli söweşlerde çensiz-çaksyz mertlik görkezendigini habar berse, olaryň yzynda galan ýan­ýol­daş­la­ry­nyň, uýa­la­ry­dyr eje­le­ri­niň tylda bir adam ýaly bolup zähmet çekip, zarpçylyk görkezendigi aýdylýar. Pagta ýygyp, orak orup, gazy gazan ze­nan­lar garry-gurtulara-da, ýa­şa­jyk çagalara-da, şol bir wagtyň özünde esewan bolup, milli terbiýeçilik mekdebiniň hem uly sapagyny geçýärler.

Uruş ýyllary çagalaryň, ýetginjek­le­riň, ýaş­la­ryň gör­ke­zen zäh­met edermenlikleri hem az däl. Olar uly ýaşlylar bilen deň zähmet çekip, bir döwüm çörek, bir susak ýarma üçin uzyn nobatlara durmaly bolýarlar. Şol sebäpli hem «Uruş ýyllarynyň oglanlary» diýlip atlandyrylýan çagalardyr ýet­gin­jek­le­re «Bir­den ula­lan, ça­ga­lykda är çykan oglanlar» diýip at berýär­ler. 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Watançylyk urşy bilen baglanyşykly okan kitaplaryň, gören kinofilmleriň, eşiden gürrüňleriň ýadyňdan çykmaýar. Şol aldym-berdimli söweşlerde gahrymanlarça wepat bolan türkmen esgerleri, gör, näçekä?! Olar pederleri­miz­den jan bi­len gi­ren mil­li gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk, batyrlyk ýaly häsiýetleri bilen taryha girdiler. Özleriniň Görogly beg ýaly çalasyn, wa­tan­sö­ýü­ji, Je­la­led­din ýa­ly ga­ra­dan gaýtmazlygyny görkezdiler. Şu ýerde Halmämmet Kakabaýewiň «Ogul» filminden bir parçany ýatlamak isleýärin. Filmde ýanýoldaşyndan gara hat gelen zenan gaty agyr hala düşýär. Onuň aglap-eňremekden ýaňa süýdi kesilýär. Çaga açlykdan ýaňa çyrlap ugraýar. Şonda goňşy zenanlar, ýaşuly eneler oňa töwella edýärler. «Aglap oturmakdan peýda ýok, seniň çagalaryň bar ahyry. Başarsaň adamyň patasyny al» diýip maslahat berýärler. Ine, şon­da onuň 10 — 12 ýaş­ly­ja og­lu­nyň hakyky mertlik häsiýeti ýüze çykýar. Og­lan­jyk edil uly adam ýa­ly bo­lup dillenýär: «Ýok, kakamyň patasyny alma, ol hökman gaýdyp geler. Kakam diridir» diýip, ynam bilen aýdýar. Eje­si­ni-de şeý­le ynam­dar söz­ler bi­len köşeşdirmegi başarýar.

Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň goşandy uludyr. Şol ýyllarda gelin-gyzlar gündiz meýdanlarda zäh­met çek­se­ler, ag­şam­la­ry­na sö­we­şi­ji es­ger­ler üçin ýy­ly jo­rap­dyr el­lik örüp, kömek ýollaýarlar. Üsti ýyly eşikli, iýmitli kerwenleriň ençemesi esgerlere türkmen halkynyň adyndan iberilýär. Türkmen gelin-gyzlary toýlaryň bezegi, boýlarynyň gelşigi bolan şaý-sepleriniň ýüzlerçesini goranmak gaznasyna tabşyrýarlar. Statistiki maglumatlar türkmen gelin-gyzlarynyň goranmak gaz­na­sy­na je­mi 7 müň 392 ki­log­ramdan gowrak altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrandygyny habar berýär. Olaryň arasynda ýaş gelinleriň uly höwes bilen dakynan gülýakasydyr ýüzükleri, toý sähedi bellenen gyzlaryň gupbadyr çapraz-çaňňalary, ça­ga­jyk­la­ryň eşik­le­rine, köý­ne­jik­le­ri­ne da­ky­lan dür­li be­zeg şaýlary hem bardy. Bu gymmatlyklary olar gaşyny çytman, gynanman goç ýigitleriň sag-aman gaýdyp gelmekleriniň hatyrasyna berdiler. Watan gahrymanlary şöhratlydyr, olary sarpalaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Arzygül ORAZOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

09.05.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014