TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMYNA

Göreni haýrana goýýan türkmen halylarynyň özüniň gaýtalanmajak gözelligi, berkligi we ýokary hilliligi bilen Oguz han türkmeniň döwründen bäri bütin dünýäde meşhurlyga eýedigini buýsanç bilen nygtamak gerek. Bu jadyly güýje eýe bolan nepis halylarda halkymyzyň geçmişi, geljege bolan ýagty umytlary, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, ussatlygy şöhlelenýär. Şöhratly taryhymyzyň gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýan kämil halyçylyk sungatymyz dünýä ýüzüniň alymlarydyr syýahatçylaryny, taryhçylarydyr sungatşynaslaryny içgin gyzyklandyrýar. Halk içinde biziň halylarymyz barada ençeme rowaýatlardyr aýdymlar, goşgulardyr nakyllar giňden ýaýrandyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň dokmaçylygyň täsin däplerini, türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserleri-de milli halyçylyk sungatymyzyň gadymy däplerini wagyz etmek işine uly goşant bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiziň paýhas çeşmesinden çykan bu gymmatly eserleri sungaty öwreniji alymlar, ýazyjylar, halyşynaslar üçin esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Dünýäniň ençeme halklarynyň diline terjime edilen bu ylmy-barlag işleri örän köp ýurtlarda halylarymyza sarpa goýýanlaryň we halyçy ussatlarymyzyň zehinini ykrar edýänleriň sanyny artdyrýar. Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, häzirki zaman türkmen döwletinde jemgyýeti jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi. Özüniň keşbine asyrlaryň syrlaryny gözellik bilen siňdiren haly gölleri ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezäp, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen halysy türkmen ruhunyň joşgunly çeşmesinden, halkyň görkana gelin-gyzlarynyň kalbyndaky ylahy mähirden, ýüregindäki nuranalykdan dörän sungatdyr.

Türkmen gelin-gyzlary öz ýürek arzuwlaryny hala ussatlyk, inçelik bilen siňdiripdirler. Olar tebigatyň gözel görküni, ymgyr çölüni, dagdüzüni, ýaýlasyny, tebigatda bar bolan ähli reňkleri nagyşlar bilen halylara siňdiripdirler. Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda bu reňkler barada şeý­le bel­le­ýär: «Gy­zyl — ömrüň reň­ki, gök — as­man we suw, ak — ha­ky­ka­tyň we da­na­ly­gyň ala­ma­ty, sa­ry — kä­mil­lik, ýa­şyl — ýaş­lyk we ýaz... Şeý­le­lik­de, köp reňkli keşde-nagyşlarda, many-mazmunynda, çeper çözgütleri saýlap tapmakda deňi-taýy bolmadyk kolorit emele gelýär. Bu çözgütleriň dürlüligi sanardan kän. Olaryň biri köşeşdirýär, biri synçylygy oýarýar. Başga birlerinde owaz, toý-baýram, dabara, üçünji birleri bolsa bilesigelijiligi, göz öňüne getirmeleri güýçlendirýän köpmanyly çözgütlerdir». Gelingyzlarymyzyň gözel halylarymyzy wasp edişi halk döredijiligimize-de siňipdir. Olar lälelerde, hüwdülerde, monjugatdylarda, matallarda, tapmaçalarda, nakyllardyr atalar sözünde öz beýanyny tapypdyr.

Nepis halylarymyz biziň milli buýsanjymyzdyr. Türkmeniň halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr, çünki haly halkymyzyň ruhunda ýaşaýar. Ata-babalarymyzyň döreden mukamlary owaz bolup lezzet berýän bolsa, ene-mamalarymyzyň döreden halylary nagyşly sungat eseri bolup kalbyňa teselli berýär, ony synladygyňça synlasyň gelýär, ýüregiň aram tapýar. Täsin gudratly güýji özünde jemleýän bu el hünärinde milliligiň, nepisligiň, halallygyň, mukaddesligiň keşbi görünýär. Halylar türkmen halkynyň ykbaly, ömür ýoly diýsek hem hakykatdan daş düşmesek gerek.

Halylarymyzyň deňsiz-taýsyz ajaýyp gözelligini synlanyňda, pederlerimiziň ençeme döwletleri gurandygyny, bu halylaryň bolsa şol döwletleriň köşgi-eýwanlarynyň ýaraşygy bolandygyny syzmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halylarynyň abraýyny mundan beýläk-de belende göterip, dowamat-dowam etdirilmegi ugrunda, halyçylyk sungatyny ösdürmekde iňňän bimöçber tagallalary edýär. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň kaşaň binasynyň gurulmagy hem ýurdumyzda milli mirasymyz bolan halyçylyk sungatyna uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Bu muzeý bolsa ruhy we maddy medeniýetiň ojagydyr, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasydyr.

Diýarymyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Haly we haly önümlerine halkymyzyň hem-de daşary ýurtly raýatlaryň islegleri gün-günden artýar. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp nepisligiň dünýä içre uly meşhurlyga eýe bolmagy üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredýär.

Eziz Diýarymyzy täze üstünliklere bes­län, «Türk­me­nis­tan — Bi­taraplygyň mekany» ýylynda türkmen halyçylarynyň dokma daraklarynyň sesi has-da batly ýaňlansyn!

Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun, eziz watandaşlar!

Ogulnyýaz MÄMMETNUROWA,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

28.05.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014