AMAT­LY DAŞ­KY GUR­ŞAW — HAL­KA­RA TA­GAL­LA­LA­RY­NYŇ ESA­SY UG­RY

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütin dünýä güni

Yn­sa­nyň iý­mit­len­me­gin­de, dem al­ma­gyn­da, suw­suz­ly­gy­ny gan­dyr­ma­gyn­da, pa­sylla­ra gö­rä ho­wa uý­gun­laş­ma­gyn­da te­bi­ga­tyň or­nu­nyň nä­de­re­je­de ulu­dy­gy hem­mä mälim­dir. Gö­zel te­bi­ga­tyň adam­za­da ber­ýän äh­li eş­ret­le­ri­ni na­za­ra alyp, äh­lu­mu­my ekolo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, her ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nil­ýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni öz taryhyny 1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen maslahatdan alyp gaýtmak bilen, döwletleriň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda örän möhüm orun aldy. Şol döwürden başlap, bu sene hökümetleriň, döwlet we hususy pudaklaryň, raýat jemgyýetiniň düýpli ekologiýa meselelerini çözmek üçin köpugurly tagallalaryny birleşdirip, tebigaty goramak babatda çäreleri geçirmekde iň meşhur gün hökmünde belli edildi.

2020-nji ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bioköpdürlüligi gorap saklamaga bagyşlanýar. Häzirki döwürde ýüze çykýan tebigy hadysalar hem-de giňden ýaýbaňlanan çylşyrymly ýagdaýlar adamyň we tebigatyň özara baglanyşygyny aýdyň görkezdi. Bioköpdürlülik gury ýerde we suw astynda ýaşaýşy üpjün edýän binýat hökmünde arassa howany we suwy, iýmit önümlerini, lukmançylyk ylmynyň çeşmelerini, tebigy kesellere durnuklylygy, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmagy üpjün etmek bilen, adam saglygyna hemmetaraplaýyn täsirini ýetirýär. Bu toruň haýsydyr bir düzüminiň üýtgemän, sazlaşykly hereketde bolmagynyň tutuş durmuş ulgamy üçin uly ähmiýeti bar.

Daşky tebigy gurşawy goramak babatda halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy hem häzirki zamanda döwletleriň biri-biri bilen baglanyşykly, köp sanly ekologik meselelere sezewar bolmagy bilen şertlenýär. Ýer şarynyň ozon gatlagynyň bozulmagy, howanyň maýlamagy, atmosferanyň we Dünýä ummanynyň hapalanmagy, tebigy serişdeleriň möçberiniň azalmagy, daşky gurşawyň radioaktiw we beýleki zyýanly maddalar bilen hapalanmagy diňe bir aýry-aýry ýurtlara däl-de, eýsem, dünýä bileleşigine täsir edýär. Şol sebäpli häzirki wagtda döwletler BMG-niň howandarlygynda ýada ikitaraplaýyn esasda daşky gurşawy we tebigy baýlyklary goramak maksadynda hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary şeýle hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Olar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara namalarda, halkara guramalarynyň kadalaşdyryjy resminamalarynda berkidilip, daşky gurşawy goramaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga bagyşlanan halkara maslahatlarynyň çözgütlerinde öz beýanyny tapýar.

Tutuş Ýer ýüzünde bolşy ýaly, Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar.

Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli amal etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňyn şertleri döretmek maksatly, dowamly we strategik işler dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky çagyryşlaryna, tagallalaryna doly laýyk gelýär.

Adamzadyň öňünde duran daşky gurşawy goramak babatdaky wajyp wezipeleriň çözgüdini döwlet syýasatynda ileri tutýan hormatly Prezidentimiz islendik ugurlarda bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak babatda hem halkara tagallalaryny birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP), Tebigaty goramagyň halkara birleşigi (MSOP), Hazaryň ekologiýa maksatnamasy (KEP), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlykda ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasyny durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin sammitinde, Ýaponiýada geçirilen «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Duşenbede (Täjigistan Respublikasy) geçirilen BMG tarapyndan yglan edilen «Durnukly ösüş üçin suw» atly 2018 — 2028-nji ýyllar üçin hereketleriň onýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahatynda ýurduň we sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Oňa milli Liderimiziň paýtagtymyzda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýry-aýry ugurlaryna geçirmek, Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasyny esaslandyrmak boýunça beren tekliplerini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň iki gezek biragyzdan kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara işjeňligini, dünýä döwletleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini hem-de ählumumy abadançylygy üpjün etmek ugrunda ylalaşykly hereket etmäge pugta ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Amatly daşky gurşaw, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumaty bilmek her bir adamyň jany we saglygy üçin aýrylmaz hukuklaryň biridir. Ol ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasy arkaly kepillendirilýär. Şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna daýanýan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny soňky ýyllaryň dowamynda kabul edilen Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary has-da pugtalandyrdy.

Aralyň täsiri bilen ýurdumyzda emele gelen şorlaşan ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, çölleşmä garşy göreş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, maldarçylygy hem-de balyk hojalygyny ösdürmäge, täze ilatly ýerleri döretmäge, arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmaga gönükdirilen çäreler «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň, kölüň we zeý akabalarynyň sebitleriniň özleşdirilmeginiň çäklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi döwlet we sebit derejelerinde tebigy gurşawyň ýagdaýynyň amatlylaşdyrylmagyna, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna mümkinçilik berer.

Şunuň bilen birlikde, howanyň üýtgemegi boýunça möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda döwletimizde baý uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, önümçilik desgalary gurlanda daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek we ösdürmek, çölleşmäge garşy zerur çäreleri geçirmek hökmany talaplar hökmünde kesgitlenildi. Bularyň ählisi 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanmagyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini gorap saklamak we rejeli ulanmak, gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak hem dikeltmek, olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek baradaky belent maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşantdyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam edýär.

Gülälek TANGIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

04.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014