EKO­LO­GI­ÝA KA­NUN­ÇY­LY­GY­NYŇ ÖSÜŞ UGURLARY

Häzirki wagtda aýratyn uly üns berilýän meseleleriň biri daşky gurşawy goramak bolup durýar. Döwletimiziň ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmakda zerur şertleriň biri hem daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekdir. 2020-nji ýylyň 17-nji martynda hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça iş saparyny amala aşyranda, ýurdumyzyň ekoulgamyny aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagy aýratyn nygtady. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, aýratyn-da, Garagum sährasynyň biodürlüligini gorap saklamak babatynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini, bu meselelere döwlet syýasaty derejesinde uly ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Türkmenistan döwletimiz öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmekde daşky gurşawy gorap saklamaklygyň hukuk esaslaryny öz Konstitusiýasynda, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kepillendirýär.

Raýatlaryň ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligini, ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Täze kabul edilen Kanun 5 bapdan, 20 maddadan ybarat bolup, ol ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda ulanylýan esasy düşünjelere, adalgalara kesgitleme berilmegi, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin örän amatly bolup durýar. Kanun ekologiýa maglumatynyň düzümini dolulygyna beýan etmek bilen, şol maglumatlar ýygnalanda, saklananda, berlende, ýaýradylanda hem-de peýdalanylanda, şeýle hem ekologiýa maglumatyna elýeterliligi bolan ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklary goralanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Bilşimiz ýaly, ekologiýa maglumaty öz içine daşky gurşawyň ýagdaýy, şol sanda ýerleriň, topraklaryň, ýerasty baýlyklaryň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň, tokaýlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň, ekologiýa ulgamlaryň, tebigy landşaftlaryň, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, atmosfera howasynyň, klimatyň we Ýeriň ozon gatlagynyň, beýleki tebigy obýektleriň özara baglanyşygy, organizmler we mikroorganizmler baradaky maglumatlary alýar. Mundan başga-da, daşky gurşawyň düzümine we düzüm birliklerine täsir edip biljek hapalaýjy, howply himiki we biologiki maddalaryň, radioaktiw materiallaryň, galyndylaryň, daşky gurşawyň kada görkezijileriniň ýol berýän aňrybaş derejesinden ýokary sesleriň, ýertitremäniň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň täsir etmegi baradaky maglumatlar hem ekologiýa maglumatlaryna degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan düzgünlere laýyklykda «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýuridik we fiziki şahslaryň ekologiýa maglumatyna elýeterlilige hukuklary anyk beýan edilýär. Mundan başga-da, ekologiýa maglumatyny almak isleýän şahslaryň şol maglumata eýelik edijilerden ýüztutma ýa-da haýyşnama görnüşinde maglumaty almaga doly hukugy bardyr. Şeýle ýagdaýda ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan ýörite jogapkär adam bellenilip, ol ýüz tutýan şahslaryň resmi jogaplary almak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge borçludygy barada kadalarda görkezilýär. Bellenilip geçilişi ýaly, resmi jogaplary taýýarlamaklyk ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmak bilen, ýüz tutýanlara Kanunda görkezilen möhletlerde elýeterlilik üpjün edilmelidir.

«Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilen aýratyn bellärlikli ýagdaýlaryň biri hem umumy elýeterli bolan ekologiýa maglumatyny ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan oňa gyzyklanma bildirýän taraplaryň dykgatyna internet torundaky öz resmi saýtlarynda ýerleşdirmek we sanly ulgamlar arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki umumy elýeter usullar bilen ýetirilip bilýändigi görkezilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, umumy elýeterli ekologiýa maglumatlarynyň berilmeginiň ýa-da ýaýradylmagynyň sanly ulgamlaryň üsti bilen amala aşyrylyp bilinmegi baradaky kadalaryň görkezilmegi «Türkmenistan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna hem-de elektron ulgamlaryň üsti bilen maglumatlary alyşmagyň we olaryň elýeterliligini üpjün etmegiň zerur kanunçylyk binýady bolup çykyş etmegine ýardam eder.

Gülzar AŞYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň as­pi­ran­ty.

“Nesil” gazeti,

06.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014