DYNÇ ALŞYŇ DÖWREBAP NUSGASY

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 15-nji iýun­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň paý­tagty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da hal­ky­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­li dynç al­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len no­bat­da­ky des­ga­la­ry ulan­ma­ga ber­me­gi ýur­du­myz­da ösen şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny, sport we sagaldyş-dynç alyş mer­kez­le­ri­ni dö­ret­me­giň ýo­lun­da­ky no­bat­da­ky ädi­me öw­rül­di. Paýtag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Al­tyn köl» häzir­ki za­man ta­lap­la­ry­na we amat­ly­lyk de­re­je­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu kö­lüň ke­na­ryn­da şä­her ila­ty­nyň we myh­man­la­ry­nyň, şeý­le hem ça­ga­la­ryň ta­la­ba­la­ýyk dynç al­ma­gy üçin äh­li oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­di.

Sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­me­gi, ja­han­keş­de­le­ri çek­me­giň müm­kin­çi­lik­leri dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry bolma­gy bi­len şert­len­di­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň te­bi­gy sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de me­de­ni-ta­ry­hy müm­kinçi­lik­le­ri, mil­li baý­ly­gy we öz­bo­luş­ly­ly­gy sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ösdür­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy, su­wuň aras­sa­ly­gy, su­wa dü­şül­ýän ýer­le­riň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy we suw­da dürli oýun­lar bi­len meş­gul­lan­mak üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi «Al­tyn kölüň» paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem-de myh­man­la­ryň, şeý­le hem gel­jek­de sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň gelim-gidimli ýe­ri­ne öw­rül­jek­di­gi şüb­hesiz­dir. Ýo­ka­ry de­re­je­li dynç alyş we sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek üçin ze­rur şert­le­ri özün­de jem­le­ýän bu top­lum hä­zir­ki za­ma­nyň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bu ýer­de söw­da mer­kez­le­ri­niň, kottej­ler top­lum­y­nyň, fit­nes zal­la­ry­nyň we ýa­pyk gör­nüş­li ho­wuz­la­ryň, res­to­ran­la­ryň, ak­wa­park­la­ryň hem-de sport meý­dan­ça­la­rynyň, se­ýilgäh­le­riň, me­de­ni çä­re­ler üçin ýer­le­riň, sag­lyk no­kat­la­ry­nyň, ga­ýyk du­ral­ga­sy­nyň we beý­le­ki des­ga­la­ryň en­çe­me­si gu­rul­dy. Şeý­le hem bu ýer­de Al­tyn et­rap at­ly tä­ze et­ra­byň dö­re­dil­me­gi has-da buý­san­dy­ry­jydyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len kö­lüň tö­we­rek­le­ri has-da gö­zel­le­şip, dynç alyş zo­lak­la­ry we şert­le­ri ar­tar, tä­ze myh­man­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy bi­len bag­ly bir­nä­çe iş­ler al­nyp bar­lar. Mu­nuň özi «Al­tyn kö­lüň» syýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dy­ryp, ýur­du­my­za ja­han­keş­de­le­riň yzy­gi­der­li gel­me­gi­ni üp­jün eder. Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk ug­ry hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri açar. Şeý­le aja­ýyp dynç alyş zo­la­gy­ny açyp be­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan ähli iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Döwran DURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

18.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014