ÝERIŇ GÖRKI GALLADYR

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Nurly türkmen tomsunyň ilkinji aýy hem şeýle buýsandyryjy wakalar içre dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda iş saparlarynda bolup, döwletli işlere badalga berýär. Döwrüň, asyryň şanly wakalaryna — dabaraly toýlara gatnaşmak bagtyna eýe bolandygymyz üçin, bu mümkinçiligi döredip beren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Bu gün bolsa ählihalk ruhubelentligi Gahryman Arkadagymyzyň Daşoguz welaýatyna bolan iş saparynyň buýsandyryjy täsirleri bilen galkynýar. Diňe bir gadymy Was topragyny däl, eýsem, tutuş ýurdumyzy bol-bereketli, hasylly mekana öwürmegiň gözýetimlerini giňelden bu saparyň toý şatlygy bilen başlanyp, ýokary netijeler bilen jemlenendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Parasatly milli Liderimiz obalary, oba hojalyk toplumyny, oba ilatynyň ýaşaýyş mümkinçiliklerini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň ähli jähetlerini, hut zähmetkeş halkyň arasynda bolup, olar bilen ýüzbe-ýüz görşüp we pikir alşyp beýan etdi. Babadaýhanlaryň, kärendeçileriň, şol sanda önüm öndüriji telekeçileriň zähmetiniň ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, saçaklaryň rysgal-berekedini artdyrmakda uly orun eýeleýändigini nygtaýan hormatly Prezidentimiz bu ugra zerur tagallalary gönükdirýär. Şonuň netijesinde türkmen agrosenagat pudagy, ekerançylygyň häzirki zaman tehnologiki usullary, şeýle hem ýerden diňe içerki bazarlar üçin däl, eýsem, eksport maksatly önüm öndürijilik tejribesi hemmetaraplaýyn ösýär we kämilleşýär. Oba hojalyk önümçiliginiň ylmy esasda guralmagy, daýhanlaryň, ýer eýeleriniň iş şertleriniň gowulandyrylyp, pudagyň täze, öňdebaryjy, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmegi gazanylýan öňegidişlikleriň kuwwatly binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda däne orujy kombaýna erk edip, kuwwatly tehnika bilen bugdaý ormagy, sergi bilen tanşan mahalynda milli däpleriň, pähimleriň we ýörelgeleriň çuň manysy barada täsirli gürrüň bermegi, her birimiz üçin, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ylmy we ruhy kämilligiň beýik mekdebi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly, paýhasly gürrüňlerinde bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däpleriniň düýpli esaslary aýdyň şöhlelendi. Bug­daý — ekin­le­riň se­re­si, rys­gal, bereket. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýa­ly, bug­daý — bagt, ýa­şa­ýyş, gal­la — Wa­ta­nyň genji-hazynasy, gal­la — hal­kyň baý­ly­gy. «Ek­seň — ekin, baksaň — go­ýun» di­ýen pä­him­den görnü­şi ýa­ly, ekin — ýe­di ha­zy­na­nyň bi­ri. Gahryman Arkadagymyz kärendeçi bilen söhbetdeşliginde: «Ýigit oňarsa ekin ekmeli ýa-da goýun bakmaly» diýen pähimi aýdyp, halal zähmetiň ynsana bagt, rysgal getirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlary we olaryň geljegi barada uly aladalary edýär. Babadaýhanlaryň armasyny ýetirmäge baran Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary we talyplary bilen gürrüňdeş bolan Gahryman Arkadagymyz ak bugdaýyň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada täsirli we çuň mazmunly pikirleri beýan etdi. Talyp ýaşlara öwüt-nesihatlaryny berip, olara gowy okamaklygy arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyz geljekki hünärmenler bolan talyp ýaşlaryň okuwlary, saýlap alan hünärleri, ýaşaýyş-durmuş we tejribelik şertleriniň guralyşy bilen içgin gyzyklandy. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebiniň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen welaýatda açylmagy we oba hojalyk ylmyny degişli önümçilik bilen berk baglanyşdyrmagy ylmy nazaryýeti tejribede ornaşdyrmak tejribesini ýylsaýyn baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň bu işde öň hatarda bolmalydyklaryny aýratyn nygtady. Jöwher paýhasly döwlet Baştutanymyzyň aýdan: «Ýeriň görki galladyr, adam görki eldedir» diýen nakylynyň, bu babatda uly manysy bardyr.

Milli Liderimiz saçagyň, tamdyryň mukaddesligi we bu düşünjäniň taryhy kökleri barada aýratyn durup geçdi. Tamdyr-ojagyň, saçak-supra­nyň eýe­si — ze­nan­lar. Ze­nan — ene, ze­nan — her maş­ga­la­nyň ojak eýe­si, mä­hir sö­ýe­si, ze­nan — jemgy­ýe­tiň işeň­ňir ag­za­sy, ze­nan — ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, olarda iň ýokary ahlak, ýaşaýyş-durmuş we zähmet endiklerini kemala getirmek wezipesiniň uly bölegini ýerine ýetirýän mähriban ynsan. Biziň, şu agzalan islendik wezipäni, halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan üzňelikde ýerine ýetirip bilmegimiz mümkin däl. Millilik we ösüş! Ine, Gahryman Arkadagly döwrümiziň aýdyň ugry. Bugdaý hasyly ýygnalýan häzirki döwürde şu iki sazlaşyk ör-boýuna galýar. Ýagny bugdaý hasyly ösen tehnologiýalaryň esasynda ýetişdirilýär. Häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalary bilen ýygnalýar. Hormatly Prezidentimiz sowgatlyk toý saçagyna ene dilimizde «Köýmet» diýilýändigini aýtdy. Toýa gidilende türkmençiligiň gadymy ýol-ýörelgelerine eýerilip, jübüt çörek äkidilýändigini dürli mysalla­ryň üs­ti bi­len dü­şün­dir­di. Ze­nan­larymyzyň, ene-mamalarymyzyň häzirki wagtda-da bu däp-dessurlary dowam etdirýändigini nygtady. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda emele getiren parasatly däpleriniň gadyr-gymmaty dünýe baýlygyndan zyýatdygyny belläp geçdi.

Gahryman Arkadagymyzyň her birimiz hakda edýän bimöçber aladalaryny her gün, her sagat duýup, eşretler içinde ýaşaýarys. Saçaklarymyz doly, asmanymyz arassa. Şundan uly bagt, baýlyk barmy?! Şu günümize, ertirimize, geljegimize ynamymyz uly, geljek üçin gurýan belent maksatlarymyz bar. Şeýle bagtyýar ýaşaýşyň diňe Gahryman Arkadagly Diýarda hasyl bolýandygy üçin biz dünýäde bagtyýar halkdyrys! Bu bagtyýarlygyň berkemegine watansöýüjilik, zähmetsöýerlik bilen goşant goşmak bolsa iň belent buýsançdyr, borçdur! Goý, türkmen halkyny bagtyýar zamananyň eýeleri eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülälek BABAÝEWA,

“Gü­neş” žur­na­ly­nyň baş re­dak­to­ry

“Nesil” gazeti,

20.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014