BEREKET DEŇZINIŇ GÖZBAŞY SIZDE!

Gönüden-göni gatnaşmak, şaýady bolmak bagty miýesser eden bu ajaýyp pursatlar mende hasyl ýetişdirmek bilen nesil ýetişdirmegiň meňzeş taraplary hakyndaky pikirleriň döremegine sebäp boldy. Dogry, nesil terbiýesi barada has köptaraply, has çuň düşünjeleri ýöretmek mümkin. Ýöne ahyrky netijäni seljerip göreniňde welin, olaryň ikisiniň-de maksady maşgala, ile haýyr, döwlete peýda bermekden ybarat. Eýsem, haýsy ata-ene perzendiniň il içinde abraý gazanyp, «pylanynyň ogly ýa pylanynyň gyzy» diýilmegini islemez?! Edil şonuň ýaly, islendik daýhanyňam baş arzuwy, il rysgyna goşant goşmak, «pylan daýhanyň eken ekininden ýa pylan bagbanyň bagyndan» diýdirip bilýän bereketli hasyly ýetişdirmek.

Halk üçin edilýän işleriň ählisi-de mukaddes, ählisi-de sogaply. Munuň şeýledigi, ili üçin yhlasyny gaýgyrmaýan, onuň abadan hem bolelin durmuşy hakynda çuňňur aladalanýan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda has-da aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýurdumyzyň welaýatlaryna aýlanyp, kärendeçi daýhanlar bilen duşuşyp, olar bilen ýakyndan söhbetdeş bolmagy, galla oragyna ak pata bermegi şol päk yhlas-aladanyň netijesidir. Öz galla meýdanlaryna Şa gadamy düşmek miýesser eden bagtyýar gallaçy daýhanlaryň begenç hem buýsanjyny bolsa, öz gözleriň bilen göräýmeseň, beýan edere söz hem tapmak mümkin däl...

Şol gün Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjylary täze dogan Güni adatdakylardan has joşgunly, ruhubelent garşyladylar. Onuň şeýledigini toý şowhunyna beslenen etrabyň ýaşaýjylarynyň gülüp duran nurana ýüzlerinden, atarylan toý gazanlarynda bişip duran datly milli tagamlarymyzdan, Gahryman Arkadagymyzyň hormatyna ýüreklerinden syzylyp çykan gazallardan hem duýmak bolýardy.

Ýakynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen, Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu daýhan birleşigi soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň iri obasenagat merkezine öwrüldi hem-de Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Milli Liderimiz gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Tagandurdy Baýramgulyýew özi hem-de tutuş maşgalasy üçin döwlet Baştutanymyzy bu ýerde garşylamagyň ägirt uly hormatdygyny aýtdy. Tagandurdy aganyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen meşgullanyp, häzirki wagtda 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bu ýerde bugdaýyň «Bereket» görnüşini ösdürip ýetişdirdi. Şeýle hem her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy meýilleşdirýändigini buýsanç bilen aýtdy hem-de hormatly Prezidentimizden galla oragyna ak pata bermegini haýyş etdi. Gahryman Arkadagymyz hem «Bismilla!» bilen birkemsiz ýetişen bugdaýdan orup, asylly işe ak pata berdi. Şeýle taryhy pursatlaryň dowamy bolsa hormatly Prezidentimiziň «John Deere» kysymly kombaýna münüp, ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, galla hasylyny ormagy bilen utgaşdy. Bu ýatdan çykmajak taryhy pursatlar ählimiziň ruhumyzy göterip, buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Şeýle taryhy pursatlarda hormatly Prezidentimiz biziň bilen gürrüňdeş bolup, halkymyzyň taryhyň dowamynda toprak, ekerançylyk, çarwaçylyk hem-de zähmetiň nesil terbiýesinde eýeleýän orny barada köp sanly nakyllarydyr pähimleri, paýhasly jümleleri döredendiklerini aýtdy. Olardan «Suw zerdir — suwçy bolsa zergär», «Ýer görki — galla, adam görki — elde», «Ir eken harman alar, giç eken — arman», «Suw hasylyň enesidir» diýen ýaly mysallary getirmegi, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň çekýän asylly we halal zähmetine neneňsi belent hormat goýýandygynyň beýany bolup, bizi has-da döredijilikli zähmet çekmeklige ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň dowamynda Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygyndaky işleriň alnyp barlyşy bilen hem tanyşdy. Bu daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň umumy meýdany 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär. Mundan başga-da, daýhan hojalygynda towuk etini öndürýän bölüm, 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy we ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy, şeýle hem maldarçylyk toplumy we ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhana bar. Bu ýerde «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylap, daýhan hojalygynyň alyp barýan işleri barada gürrüň bermek bilen, Gahryman Arkadagymyza türkmen telekeçileri üçin döredip berýän şertleri we mümkinçilikleri üçin hoşallygyny beýan etdi.

Taryhy şeýle ajaýyp pursatlara beslenen günler döredýär. Biziň ýurdumyzda bolsa, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutýan tutumy, amala aşyrýan beýik işleri, çar ýana bereket eçilýän Şa gadamlary bilen döreýär. Çünki milli Liderimiziň öz mähriban halkynyň eşretli ýaşaýşy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri, «Öňe, öňe, diňe öňe!» diýen watançylyk şygary bagtyýar ilimizi halal we önjeýli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga iterýär. Goý, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklerden-üstünliklere beslensin!

Serdar MYRADOW,

“Esger” gazetiniň baş redaktory,

“Nesil” gazeti,

23.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014