GALLAM BAR — TYLLAM BAR

Hormatly Prezidentimiziň aýdan «Çörek — uludan, suw — kiçiden», «Çörek — ýolda ýoldaş, dost ýolda syrdaş», «Malsyz öý bolar, çöreksiz öý bolmaz» ýaly nakyllary tamdyryny, ojagyny, mele-myssyk çöregini mukaddes saýýan halkymyzyň mertebesini has-da beýgeltdi.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 22-nji iýun­da Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça ge­çi­ren iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Ahal­gal­laö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň Gal­la önüm­le­ri önüm­çi­lik top­lu­myn­da bol­ma­gy, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da­ky kä­ren­de­çi daý­han­lar bi­len eden ýü­rek­deş söh­bet­deş­lik­le­ri­niň, mä­hir­li du­şu­şyk­la­ry­nyň, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň döw­let de­re­je­sin­dä­ki my­sa­ly­na öw­rül­di.

Has dogrusy, bu Gahryman Arkadagymyzyň diňe bir Diýarymyzda galla oragy başlanany bäri her bir dänäniň yrýasyz ýygnalmagy, önümçilik toplumlaryna bökdençsiz daşalyp, halkyň rysgal-berekedine öwrülmegi bilen bagly edýän taýsyz tagallalarynyň netijesi bolup görünmän, eýsem, oba hojalygyny, agrosenagat toplumyny we tutuş halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny ösdürmek baradaky beýik işleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Biz oňa hormatly Prezidentimiziň ýönekeý oba zähmetkeşleri bilen halal zähmet, ýaş nesillerimizi zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek, ene ýerden bol hasyl alyp, bereket bolçulygy artdyrmak baradaky gürrüňdeşliklerine şaýat bolmak bagty miýesser eden adam hökmünde-de has-da aýdyň göz ýetirdik.

Nesil terbiýesi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň arasyndan eriş-argaç bolup geçýär. Ýaşlygyndan başlap çagalary dogry we halal gazanç etmäge gönükdirmek, diňe bir bolelin ýaşamak bilen bagly bolman, eýsem, olaryň sagdyn, gujurly, galdaw, zähmeti söýýän adamlar bolup ýetişmegine hem uly täsir edýär. Pederlerimiziň nesil terbiýesi baradaky milli ýol-ýörelgelerinden ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň bugdaýly meýdanlarda bugdaý ýaly maňyzly sözleri, nakyllary, gadymy aýtgylary ýatlamagy nesil terbiýesi bilen iş salyşýan adamlar hökmünde bizi — habar beriş serişdeleriniň wekillerini wagyz-nesihat işlerini has-da giňden ýaýbaňlandyrmaga, hormatly Prezidentimiziň görkezýän nusgalyk göreldesine eýerip, ýurdumyzda edilýän beýik işleri ýaýmaga borçly edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ilki bilen ýurdumyzyň Lebap hem-de Mary welaýatlarynda bolup, oba ýerleriniň tapylgysyz howasynyň, özboluşly rahatlandyryjy sesiniň bardygyny aýtmagy, galla meýdanlarynda ygşyldap oturan guşgursak dänäniň, Günüň nuruny özüne siňdiren ir-iýmişleriň, gök we bakja ekinleriň bolçulygynyň döredilmeginiň ýaş nesilleriň rysgal-berekedidigini nygtamagy her bir oba zähmetkeşiniň başyny göge ýetirdi. Biz ony kärendeçi daýhanlar, täzeje bugdaý unundan dürli toý çöreklerini taýýarlap, hormatly myhmanlara hödür eden talyp ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem aýratyn duýduk.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Demirgazyk we Günbatar sebitlerinde iş saparyny dowam edip, diňe bir daýhanlar üçin döredilýän şertler, döwlet tarapyndan berilýän goldawlar bilen gyzyklanman, eýsem, «John Deere» kysymly kombaýna münüp, ony herekete getirmegi «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýýän ata-babalarymyzyň müň keren mamladygyna güwä geçdi. Hormatly Prezidentimiz nirede, haýsy bir döwletli tutumyň başynda bolsa-da, ýaşlaryň aladasyny birjik-de ýadyndan çykarmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň rektoryna ýüzlenip, ýokary okuw mekdepde talyplara berilýän bilimiň tejribe bilen utgaşdyrylmalydygyny bellemegi oňa güwä geçýär. Ýaşlaryň çagalykdan zähmete werziş bolmagyny nygtaýan milli Liderimiziň: «Gyza iňňe ber, oglana pil ber» diýen baý many-mazmunly aýtgyny ýatlamagy zähmet terbiýesiniň ägirt uly güýjüniň aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýol-ýörelgelerini giňden ösdürýän Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň Galla önümleri önümçilik toplumynda çuňňur manyly, baý mazmunly nakyllary aýdyp, ynsanyň öňde-başda zähmet bilen bagta ýetendigini ýene-de bir gezek tekrarlady. Hormatly Prezidentimiziň aýdan «Çörek — uludan, suw — kiçiden», «Çörek — ýolda ýoldaş, dost ýolda syrdaş», «Malsyz öý bolar, çöreksiz öý bolmaz» ýaly nakyllary tamdyryny, ojagyny, mele-myssyk çöregini mukaddes saýýan halkymyzyň mertebesini has-da beýgeltdi. Şol pursatda Galla önümleri önümçilik toplumynda işleriň gidişini görüp, dag ýaly bolup duran bugdaý harmanynyň üwelip, haltalara gaplanyp, rejelenişini synlap, ýüregiň begençli gürsüldeýändigini duýýarsyň. Bu ýerde çörek we çörek önümlerinden guralan sergi türkmeniň rysgal-berekede ýar bolan ykbalynyň gül açmagy, bagtynyň çüwmesi bolup görünýär.

Hawa, ýurdumyzyň bugdaýly meýdanlarynda daýhanlaryň päk zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla oragy dowam edýär. Uzaklardan tyllaly meýdan ýaly bolup görünýän gallaly meýdanlar halkymyzyň azyk bolçulygynyň, rysgal-berekediniň dolup-daşýandygyny buşlaýar. Şu gyzgalaňly döwürde her dänesi müň bolan guşgursak bugdaýymyzy yrýasyz ýygnaýan oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi «Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan — toýa», «...Biz toýa barýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biz toý-baýramlary goşalanyp gelýän eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýuna barýarys.

Artykguly HOJABERDIÝEW,

“Nesil” gazeti,

25.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014